Amerikan kinoakademiýasy hormatly “Oskar 2024-üň" ýeňijilerini yglan etdi

  • 17.06.2024 18:25
  • 4.7k+

ABŞ-nyň Kinofilm sungaty we ylymlary akademiýasy 2024-nji ýylda hormatly “Oskar” baýragynyň eýelerini yglan etdi. Governors Awards sylaglamak dabarasy 17-nji noýabrda Los-Anjelesde geçiriler diýip, Indie Wire ýazýar.

Baýrak alanlaryň arasynda:

  • “Bondiananyň” prodýuserleri Barbara Brokkoli we Maýkl J.Wilson kinematografiýada gazanan üstünlikleri üçin Irwing Talberg adyndaky ýadygärlik “Oskaryny” alarlar;
  • Režissýor (“Hakyky söýgi”) (“Реальная любовь”) we ssenariýeçi (“Jenap Bean”, “Dört toý we bir jaýlama”) (“Мистер Бин”, “Четыре свадьбы и одни похороны”) Riçard Kertis jemgyýetçilik işlerine goşan goşandy üçin Jin Herşolt adyndaky ynsanperwerlik baýragyny alar;
  • Kompozitor we prodýuser (“Liliýa meýdanlarynyň gülleri”) (“Цветы лиловых полей”) Kuinsi Jons kinematografiýada gazanan üstünlikleri üçin;
  • Kasting-režissýor Juliet Teýlor (“Şindleriň sanawy”, “Taksi sürüjisi”) (“Список Шиндлера”, “Таксист”) kinematografiýada gazanan üstünlikleri üçin.

Indiki “Oskar” gowşurmak dabarasy 2025-nji ýylyň 2-nji martynda geçiriler. Esasy baýragyň dalaşgärleri 17-nji ýanwarda yglan ediler.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......