Hytaýda bir pişik skeýtbordda gezmelemegiň tizligi boýunça dünýä rekordyny goýdy

  • 16.06.2024 11:08
  • 13k+

Bao Szy lakamly pişik haýwanlaryň arasynda skeýtbordda gezmelemegiň tizligi boýunça dünýä rekordyny goýdy, ol 12 sekuntda 10 metr aralygy geçdi. Rekord Bao Szynyň itlere tälim bermek bilen meşgullanýan hojaýyny bilen ýaşaýan ýeri bolan Hytaýda hasaba alyndy diýip, UPI neşiri ýazýar.

Pişigiň hojaýyny ony gemrijilerden dynmaga kömek eder diýen umyt bilen öýüne getirendigini aýtdy. Ýöne tiz wagtdan ol pişigiň skeýtbordda gezmelemek zehininiň bardygyny ýüze çykarýar.

“Men on ýyldan gowrak wagt bäri itlere tälim berýärin we skeýtbordda öz itim bilen güýmenje üçin gezmeläp başladym. Bao Szy hem skeýtborda uly gyzyklanma bildirdi” – diýip, pişigiň hojaýyny belleýär.

Bao Sza skeýtbordda ynamly durmagy öwrenmek üçin bir ýyla golaý wagt gerek boldy. Hojaýyn pişige tälim bermegiň aňsat bolmandygyny, sebäbi pişikleriň öwrenilen hereketleri çalt ýatdan çykarýandyklaryny aýtdy.

“Olar hereketi öwrenip, indiki sekuntda ony ýatdan çykaryp bilýärler” – diýip, pişigiň hojaýyny belledi.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 11:17
4.6k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.3k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......