Smartfonlar rentgen ýaly obýektleriň içinde näme bardygyny görüp biler

  • 16.06.2024 08:41
  • 5.1k+

Dallasdaky Tehas uniwersitetiniň (UTD) we Seulyň milli uniwersitetiniň (SNU) barlagçylary teragers tolkunlary arkaly diwarlaryň aňyrsyny görüp bilýän kiçijik çip döretdiler. Ol kiçijik bolansoň, smartfona-da ýerleşýär diýip, New Atlas ýazýar.

200-400 GGs ýygylykda işleýän täze çip zyýanly rentgen şöhlelerini ulanmaýar-da, adamlar üçin howpsuz teragers tolkunlaryny döredýär. Bu tolkunlar karton, gips we plastmassa ýaly, käbir materiallara aralaşyp, olaryň aňyrsyndaky zatlary görkezip bilýär. Şöhlelendirilen signal soňra çip tarapyndan tutulýar we şekile öwrülýär.

“Bu tehnologiýa Supermeniň rentgen görşüne meňzeýär. Elbetde, biz zyýanly rentgen şöhleleriniň ýerine 200-400 gigagers ýygylykdaky signallary ulanýarys "-diýip, barlagyň awtorlaryndan biri, UTD-nyň elektrotehnika ugrundan professory we Tehasyň Öňdebaryjy tejribe analog merkeziniň (TxACE) müdiri Kennet O belleýär.

Şekiliň durulygy entek pes, ýöne alymlar ony gowulaşdyrmagyň üstünde eýýäm işläp ýörler.
Alymlar smartfona ýerleşdirilen mikroçip-skaneriniň diwarlaryň aňyrsyndaky  taýajyklary we pürslerini tapmakdan başlap, turbanyň çat açan ýerlerine we bukjalarydyr torbalaryň içindäkileri kesgitlemek ýaly, dürli çylşyrymly bolmadyk  meselelerde peýdaly boljakdygyna umyt baglaýarlar. Şeýle hem lukmançylykda peýdaly bolup biljekdigine ynanýarlar.


şu gün 10:31
1k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
907

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......