Mejlis Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar

  • 15.06.2024 17:21
  • 17k+

14-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

D.Gulmanowa “Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini habar berip, bu möhüm ähmiýetli Kanuny makullandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, birnäçe kanunlara degişli üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary, şol sanda Býujet kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýdyldy.
Mejlisiň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlara taýýarlyk görlüşi hakynda habar berildi. Bu saýlawlary şu ýylyň 7-nji iýulynda geçirmek göz öňünde tutulýar.


şu gün 11:41
88

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

şu gün 11:35
137

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

düýn 08:13
1.7k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.3k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......