Türkmenistan karbamidli formaldegid konsentratyny satyn alar

  • 15.06.2024 16:42
  • 6.3k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň karbamid öndürýän zawodlarynyň önümçiligi üçin zerur bolan karbamidli formaldegid konsentratyny satyn almak hakynda» Karara gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, konserne degişli “Tejenkarbamid”, “Marykarbamid” we “Garabogazkarbamid” zawodlaryny bökdençsiz işletmek üçin önümçilikleri çig mal bilen yzygiderli üpjün etmek boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Karbamid öndürýän zawodlar üçin gerek bolan çig mallary satyn almak boýunça işleri dowam etmek zerurdyr diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy hem-de gol çekilen
 resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bu babatda degişli tabşyryklary berdi.


düýn 20:55
2.2k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.2k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......

25.06.2026 07:51
2.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

24.06.2026 23:05
2.4k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......