Türkmenistan “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşar

  • 15.06.2024 16:30
  • 2.6k+

Türkmenistan şu ýylyň 26 — 30-njy iýuny aralygynda Hytaýyň Urumçi şäherinde geçiriljek “Hytaý — Ýewraziýa EKSPO” halkara sergisine gatnaşmagy meýilleşdirilýär. Bu barada wise-premýer B.Atdaýew Türkmenistanyň halkara sergi işiniň 2024-2025-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işleriň çäginde habar berdi.

Halkara sergi, esasan, üç bölümden, şol sanda maýa goýum hyzmatdaşlygy, milli pawilýonlar hem-de pudaklara ýöriteleşdirilen bölümden ybaratdyr. Bu serginiň çäklerinde söwda we maýa goýum forumlarynyň, tejribe alyşmalaryň, dürli ykdysady-medeni çäreleriň guralmagy göz öňünde tutulýar. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, bu iri möçberli sergä ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy dürli pudaklaryň, hususy haryt öndürijileriň harytlarynyň we hyzmatlarynyň mahabatlandyrylmagy, eksport ugurly harytlarymyzyň Hytaý bazaryna ýerlenilişini artdyrmaga, söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berer.
Serdar Berdimuhamedow «Hytaý — Ýewraziýa EKSPO» halkara sergisine ýurdumyzyň milli pawilýony bilen gatnaşmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutany Hytaý Halk Respublikasynda geçiriljek bu iri möçberli serginiň söwda-ykdysady, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmäge mümkinçilik berjekdigini belläp, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.


düýn 16:07
2.4k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

01.06.2026 07:34
8.4k+

Hytaý emeli adada ägirt uly howa menziliniň gurluşygynyň nähili dowam edýändigini görkezdi

Hytaý Dalian Jinzhouwan howa menziliniň gurluşygyny dowam etdirýär, ol gurlup gutarylandan soň, emeli adada ýerleşýän dünýäde iň uly howa menzili bolar. Bu toplum Dalýan şäheriniň kenarýakasyndaky Bohaý......