“Günlerde bir gün... Golliwudda” we “Şöhratsyz deýýuslar” filmleri barada kitaplar çykarylar

  • 15.06.2024 13:04
  • 6.2k+

Voracious neşirýaty Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” («Однажды… в Голливуде») we “Şöhratsyz deýýuslar” («Бесславные ублюдки») filmleriniň önümçiligine bagyşlanan iki kitaby anons etdi. Kitaplaryň awtory – “Sugun awçysy” («Охотник на оленей») we “Guduz öküz” («Бешеный бык») filmleriniň surata düşürilişi baradaky eserleri bilen tanalýan Jeý Glennidir diýip, Deadline ýazýar.

Kitaplara sözbaşylary Tarantinonyň özi ýazar, ol eýýäm Glenni bilen hyzmatdaşlykdan begenjini paýlaşdy.

“Meniň kolleksiýamda Jeý Glenniniň kitaplary bar, men olary hemişe gowy görýärdim – aýratynam, onuň “Sugun awçysynyň” döredilişi baradaky eserini. Men filmlerime çuňňur girişjek şondan gowy adamy tapyp bolmajakdygyna ynanýaryn” – diýip, Tarantino aýtdy.

Glenni režissýor bilen birnäçe söhbetdeşlik geçirip, surata düşüriliş prosesi, ssenariýa, kasting, wizual effektleriň we saundtrekiň döredilişi barada jikme-jik maglumat aldy. Kitapda Tarantinonyň şahsy arhiwleri we 50-den gowrak aktýorlaryň hem surata düşüriji toparyň agzalarynyň gürrüňleri hem ulanylar.
Kitaplaryň 2025-nji ýylyň güýzünde çykmagyna garaşylýar.

“Günlerde bir gün... Golliwudda” (2019) filmi dünýäde 377 mln dollar girdeji ýygnady, “Şöhratsyz deýýuslaryň” (2009) girdeji ýygymy bolsa 322 mln dollar boldy. Filmleriň ikisi-de birnäçe “Oskara” dalaşgär görkezildi, “Ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi” üçin heýkellere mynasyp boldy.

Öň, Kwentin Tarantinonyň “Kino tankytçysyny” surata düşürmejekdigi belli boldy. Film režissýoryň karýerasynda onunjy we iň soňky taslama bolmalydy.


düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......