HBS: Kwentin Tarantino “Kino tankytçysy” filmini surata düşürmek pikirini üýtgetdi

  • 19.04.2024 15:24
  • 4.3k+

Režissýor Kwentin Tarantino karýerasynda onunjy, ähtimal, iň soňky bolup biljek “Kino tankytçysy” («Кинокритик») filmini surata düşürmezlik kararyna geldi. Bu barada “Deadline”, “The Hollywood Reporter” we “Variety” ýaly abraýly neşirler habar berýärler.

Kino synçysy barada gürrüň berýän filmiň wakasy 1977-nji ýylda Kaliforniýada ýaýbaňlanýar. Tarantino eýýäm ssenariýany ýazdy we baş keşbe Bred Pitti çagyrdy – ol öň režissýoryň “Günlerde bir gün Golliwudda” («Однажды… в Голливуде») filminde surata düşdi we munuň üçin aktýorlyk karýerasynda häzirlikçe ýeke-täk “Oskara” mynasyp boldy.
“Kino tankytçysynyň” surata düşürilişi şu ýylyň awgust aýynda başlamalydy.
Filmiň ýatyrylmagynyň sebäbi habar berilmeýär. “Deadline” neşiriniň çeşmeleri Tarantinonyň pikirini üýtgedendigini, “Variety” neşiriniň çeşmeleri bolsa režissýoryň ssenariýalary täzeden ýazmak ýa-da taslamany haýsydyr bir görnüşde dowam etdirmek islemändigini habar berýärler. Munuň deregine ol täze zat bilen meşgullanmagy meýilleşdirýär.
Öň, Tarantino karýerasynda 10 sany doly metražly film surata düşürmekçidigini we 60 ýaşlarynda pensiýa çykmakçydygyny aýtdy (2023-nji ýylda 60 ýaşyny doldurdy). Eger “Billi öldürmegiň” («Убить Билла») iki bölümini bir film hasap etseň, “Kino tankytçysy” filmi onuň karýerasynda onunjy kinosy bolup bilerdi.
Belläp geçsek, bu Tarantinonyň filmi ilkinji gezek ýatyryşy däl. 2014-nji ýylda ol “Ýigrenji sekizligiň” («Омерзительная восьмёрка») ssenariýasy internet toruna düşenden soň, filmiň çykyşyny soňa goýdy.
2019-njy ýylda Tarantino Paramount üçin “Ýyldyz ýoly” («Звездный путь») filmini surata düşürmekden hem ýüz öwürdi. Režissýor ony “has uly göwrümli” hasaplady.


düýn 20:14
2.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.3k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.4k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......