“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny öwrener

  • 14.06.2024 23:40
  • 11k+

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi 5G tehnologiýasynyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrener. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi.

M.Çakyýewiň belleýşi ýaly, 4G tehnologiýasy bilen deňeşdirilende, 5G tehnologiýasynyň maglumat geçirijiligi 10 essä çenli ýokarydyr. Ol ygtybarly we durnukly birikmeleri üpjün edýär. Şu nukdaýnazardan bu tehnologiýanyň aýratynlyklaryny we tehniki häsiýetnamalaryny öwrenmegiň maksadalaýyk bolup durýandygy barada habar berildi we döwlet Baştutanynyň garamagyna “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň bu ugurda degişli işleri geçirmek baradaky teklibi hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow häzirki wagtda daşary ýurtlarda döwrebap 5G tehnologiýasynyň giňden ulanylýandygyny belläp, bu  teklibi goldaýandygyny aýtdy we Agentligiň ýolbaşçysyna  şol tehnologiýanyň mümkinçiliklerini we aýratynlyklaryny öwrenmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 19:01
1.2k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......