Türkmen ilçisi Şweýsariýanyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

  • 14.06.2024 10:37
  • 5.8k+

Türkmenistanyň Şweýsariýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Wepa Hajiýew Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Wiola Amherda ynanç hatyny gowşurdy. Dabara Bern şäherinde Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Federal köşgüniň binasynda geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda türkmen tarapy syýasat we howpsuzlyk, energetika, tehnologiýalar hem-de «ýaşyl ykdysadyýet» pudaklaryna şweýsar maýa goýumlaryny çekmek, ynsanperwer ýaly çygyrlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdi we türkmen-şweýsar hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde şweýsar tarapynyň netijeli we hoşniýetli çemeleşmegine umyt bildirildi.
W.Amherd jogap hökmünde özüne ýollanan mähirli salam we arzuwlar üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamyny ýetirmegi haýyş etdi. Prezident, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändikleri üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we ýokardaky ugurlar boýunça hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.


düýn 19:01
951

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......