BMG: Hytaýyň raýatlary daşary ýurt syýahatlaryna edýän çykdajylary boýunça ABŞ-dan geçdi

  • 13.06.2024 15:09
  • 8k+

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň (UN Tourism) hasabatyna görä, Hytaýyň raýatlary 2023-nji ýylda daşary ýurt syýahatlaryna 196,5 milliard dollar sarp edip, ABŞ-dan (150 milliard dollar) geçdi diýip, Interfax habar berýär.

Şeýle hem ilkinji bäşlige Germaniýa (112 milliard dollar), Beýik Britaniýa (110 milliard dollar) we Fransiýa (49 milliard dollar) girdi.
Şeýle hem ilkinji onluga Kanadanyň, Italiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň we Günorta Koreýanyň ilaty girdi.
2023-nji ýylda Fransiýa dünýäniň 100 million jahankeşdesini kabul edip, dünýäde iň köp syýahat edilen ýurt boldy. Ispaniýa 85 million syýahatçyny kabul edip ikinji, ABŞ 66 million syýahatçysy bilen üçünji ýeri eýeledi. Ondan soň Italiýa (57 million) we Türkiye (55 million) gelýär.
UN Tourism-iň maglumatlaryna görä, ýurtlar 2023-nji ýylda halkara syýahatçylygyndan 1,5 trillion dollar gazandy, bu pandemiýadan öňki, 2019-njy ýyldaky görkezijä gabat gelýär diýen ýaly.
ABŞ syýahatçylykdan 176 milliard dollar, Ispaniýa - 92 milliard, Beýik Britaniýa - 74 milliard, Fransiýa - 69 milliard, Italiýa - 56 milliard dollar aldy.


şu gün 16:40
1.5k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

şu gün 12:20
6.4k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.8k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......