Ferrari tä gadagan edilýänçä V12 hereketlendirijilerini öndürmegi dowam etdirer

  • 13.06.2024 06:43
  • 7.4k+

Ferrari, kanunçylyk rugsat berýärkä, kuwwatly V12 hereketlendirijilerini öndürmegi dowam etdirjekdigini tassyklady. Turbo görnüşli V8 has täsirli bolup çyksa-da, Ferrari V12-ni mümkin boldugyça uzak saklamagy öz borjy hasaplaýar diýip, Motor1 ýazýar.

“Tä kanun gadagan edýänçä, gysylan howaly V12 hereketlendirijilerini öndürmegi dowam etdireris. Kanun geljekde ekologiýa taýdan has amatly, belki-de täze benzinli, mümkinçilikleri görkezmegi dowam etdirer diýip umyt edýäris "-diýip, Ferrari-niň marketing boýunça direktory Emanuele Karando mälim etdi.

12Cilindri Coupe-da we Spider-de oturdylýan täze 6,5 litrlik V12 hereketlendirijisi minutda 9500 aýlaw edýär, ýöne tehniki taýdan 10 000 aýlawa ýetmäge ukyply. Şeýle-de bolsa, Ferrari kuwwaty optimizirlemek we “hemişelik tizlenme duýgusyny” saklamak üçin aýlawlary çäklendirmegi makul tapdy.
Kompaniýa, ilkinji nobatda, inženerçilik-maslahat beriş kompaniýasydygyny we onuň üçin ileri tutulýan ugruň rekord dolanyşygy gazanmak däl-de, öndürijilikdigini aýtdy. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, Ferrari beýleki Gordon Murray Automotive T.50 (minutda 12 100 aýlaw), Aston Martin Valkyrie (minutda 11 100 aýlaw) we Ariel Atom V8 (minutda 10,600 aýlaw) ýaly awtoulaglardan pesdir.
Mundan ozal Ferrari-niň baş dizaýneri Flawio Mansoni öndürijilik nukdaýnazaryndan turbo görnüşli V8-iň V12-den gowudygyny boýun aldy we on iki silindrli enjamyň iň täsirli hereketlendiriji däldigini aýtdy. Şeýle-de bolsa, kompaniýa mümkin boldugyça uzak saklamak üçin, “bu hereketlendiriji ugrunda göreşmeli” bolýar.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......