Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň Döwlet sirklerinde şüweleňler geçiriler

  • 12.06.2024 15:34
  • 6k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki 16-njy iýunda sagat 18:00-da sirk oýunlaryny görmäge çagyrýar.

Çykyşlaryň dowamynda sahnada Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň artistleriniň dünýä belli “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ahalteke bedewlerinde ýerine ýetirýän çylşyrymly hereketleriniň, parahatçylygyň nyşany bolan ak “Pawlin” kepderileriniň, howa gimnastlarynyň, akrobatlaryň, türkmen alabaýlarynyň hem-de “Arwana” düýeleriniň çykyşlary, Hindistanyň şadyýan “Makaka” maýmynjyklarynyň, Afrikanyň täsin jandarlary bolan “Burçello” zebranyň we afrikan düýeguşunyň, jadygöýdir  gözbagçylaryň, klounlaryň gülküli oýunlarynyň, “Ýedigen” tans toparynyň tansçylaryň, “Pudel” güjüjekleriň sahnada ýerine ýetirýän çykyşlarynyň, ýüpde ýöreýän gyzjagazyň, žanglýorlaryň, mundan başga-da erkin ýagdaýda tälim berlen atlaryň çykyşlaryna tomaşa edip bilersiňiz.
Petekleri Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň kassasyndan satyn alyp bilersiňiz.
Kassanyň iş wagty: Sişenbe-Ýekşenbe günleri sagat 10:00 – 18:00-a çenli.


Sirk çykyşlary şeýle hem 15-nji iýunda sagat 10:00-da Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkinde hem geçiriler. Bu ýerde bedew atlaryň çykyşlary bilen bir hatarda akrobatlaryň, gimnastlaryň, darbazlaryň, şeýle hem žanglýorlaryň oýunlaryna tomaşa edip bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin telefonlar:
Türkmenistanyň Döwlet sirki: 36-10-95; 36-10-34

Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki:
+99312 57-23-53;
+99312 57-23-60.


03.06.2026 18:04
2.1k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

03.06.2026 16:40
5.6k+

Türkmenistanda iň gowy mekdep, çagalar bagy we iň göreldeli mugallymlar saýlandy

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan bilim edaralarynyň we pedagogik işgärleriň arasynda yzygiderli geçirilýän döwlet bäsleşikleriniň jemleri jemlendi. Bu bäsleşikler ýurdumyzyň ähli......

03.06.2026 15:43
7.6k+

Türkmenistanda tokaý hojalygy we temmäkä garşy göreş ulgamynda täze maksatnamalar tassyklandy

«Türkmenistanyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» hem-de «Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2026 – 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnama», şeýle hem olary durmuşa geçirmek......

03.06.2026 15:12
3.9k+

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler sowgat berildi

Bütindünýä welosiped güni mynasybetli paýtagtymyzyň Döwletliler köşgüniň Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän çagalaryna dabaraly ýagdaýda welosipedler gowşuryldy. Bu......