Tailandyň hökümeti syýahatçylyk salgydyny girizmekden ýüz öwürmek kararyna geldi

  • 12.06.2024 15:09
  • 9.1k+

2023-nji ýylyň tomsunda Tailandyň hökümeti daşary ýurtly syýahatçylardan 300 bat möçberinde (takmynan 8 dollar) ýygym almagy girizmegi tassyklapdy. Bir ýyldan soň ýurduň premýer-ministri Sretta Tawisin öňki administrasiýa tarapyndan teklip edilen bu pikirden el çekilýändigini mälim etdi diýip, The Nation ýazýar.

Premýer-ministriň sözlerine görä, şeýle töleg gysga wagtlyk girdeji getirip biler, ýöne uzak geljekde, goşmaça çykdajy etmezden, has köp syýahatçy çekmek peýdaly bolar.
Tawisiniň pikirine görä, jahankeşdeleriň akymynyň köpelmegi söwda, güýmenje we beýleki hyzmatlara çykdajylaryň artmagyna getirer, bu bolsa ykdysadyýeti höweslendirer we hökümete, tölegiň özüne garanda, has köp girdeji getirer.
Öň girizilen ýygymlar betbagtçylyklardan ejir çeken syýahatçylary goldamakda we syýahatçylyk ugurlaryny ösdürmekde ulanylmaga meýilleşdirilipdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......