Tailandda 1-nji iýundan syýahatçylyk salgydy giriziler

  • 15.02.2023 11:38
  • 8.3k+

Tailandyň Ministrler Kabineti 1-nji iýundan başlap daşary ýurtly syýahatçylara 150-300 bat (4$ - 9$) aralygynda salgyt girizilmegini makullady. Thai PBS bu barada sişenbe güni habar berdi.

Onuň sözlerine görä, patyşalyga gury ýer we deňiz bilen gelýän syýahatçylara 150 bat, awia ýolagçylaryna 300 bat tölediler. Ýygnalan serişdeler heläkçiliklerden ejir çeken syýahatçylara, şeýle hem syýahatçylyk ýerleriniň ösüşine gönükdiriler diýip çak edilýär.
2019-njy ýylyň maý aýynda hökümet tebigy ýerleri dikeltmek üçin syýahatçylyk salgydyny girizmegiň meýilnamasyny yglan etdi. Başlangyjyň awtorlary salgyt mukdarynyň az boljakdygyny we pudaga täsir etmejekdigini ynandyrdylar. Şeýle-de bolsa, sentýabr aýynda bu meýilnamalary gaýra goýmak barada karar kabul edildi, sebäbi ýygym şol döwürde durgunlyga düşen pudaga goşmaça zyýan ýetirip bilerdi. 2020-nji ýylyň fewralynda  Syýahatçylyk ministrligi koronawirus pandemiýasy sebäpli syýahatçylyk akymynyň ep-esli azalmagy bilen bagly salgyt girizmek pikirine gaýdyp geldi. Ýöne başlangyjyň güýje girjek wagtyny, salgydy 2022-nji ýanwaryndan, soň bolsa üstümizdäki ýylyň ýanwar aýyna çenli  girizmek kararyna gelnensoň, ilkibada 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli agzalmady.


düýn 16:40
1.8k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.2k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......