Ançelottiniň sözleri “nädogry kabul edildi”: “Real” Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşar

  • 12.06.2024 13:35
  • 14k+

Madridiň “Realy” öz saýtynda 2025-nji ýylda ABŞ-da 32 toparyň gatnaşmagynda geçiriljek Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşýandygyny resmi taýdan tassyklady.

Öň, “Il Giornale” neşiri toparyň baş tälimçisi Karlo Ançelottiniň pul baýragynyň azdygy – 20 mln ýewrodygy sebäpli klubuň ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwrüp biljekdigini aýtdy.
Klubuň beýanynda “Realyň” ýaryşa gatnaşmagynyň hiç haçan şübheli bolmandygy we toparyň ýaryşa uly höwes bilen taýýarlyk görýändigi aýdylýar.
Ançelottiniň özi sözleriniň nädogry düşündirilendigini aýtdy.

“Il Giornale bilen söhbetdeşlikde meniň FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionaty baradaky sözlerim göz öňünde tutuşymdan başgaça düşündirildi. Esasy titullar ugrundaky göreşi dowam etdirmek üçin gowy mümkinçilik hasaplanýan ýaryşda oýnamakdan ýüz öwürmekden başga hiç zat meniň bähbidime ters gelmeýär” – diýip, italiýaly hünärmen X sosial ulgamynda ýazdy.

Ýatlap geçsek, 2025-nji ýylyň Klublaýyn dünýä çempionatyna Ýewropadan 12 topar gatnaşar: “Mançester Siti”, “Çelsi” (ikisi-de – Angliýa), “Real”, “Atletiko” (ikisi-de – Ispaniýa), “Bawariýa”, Dortmundyň “Borussiýasy” (ikisi-de – Germaniýa), “Inter”, “Ýuwentus” (ikisi-de – Italiýa), “Portu”, “Benfika” (ikisi-de – Portugaliýa), “PSŽ” (Fransiýa) we “Zalsburg” (Awstriýa).


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......