Ançelotti: “Real” täze Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşmaz

  • 11.06.2024 09:23
  • 11k+

Madridiň “Realy” täze Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025-e gatnaşmakdan ýüz öwrer. Bu barada baş tälimçi Karlo Ançelotti aýtdy. Ispan kluby 7 toparyň deregine 32 topary jemlejek ýaryşyň täze formaty bilen ylalaşmaýar.

“FIFA klublaryň we oýunçylaryň bu ýaryşa gatnaşmajakdygyny ýatdan çykarýar. “Realyň” bir oýny 20 mln ýewro durýar, olar bolsa bize bu puly tutuş ýaryş üçin bermek isleýärler. Makullar ýaly däl. Madridiň “Realy”, beýleki klublar ýaly, çakylykdan ýüz öwrer” – diýip, Relevo Ançelottiniň sözlerini getirýär.

Klublaýyn dünýä çempionaty – 2025 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriler. 2023-nji ýylda ýaryşyň ýeňijisi finalda “Fluminenseni” utan “Mançester Siti” (0:4) boldy.


şu gün 14:15
5.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.5k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......