Günorta Amerikadaky gaýalaryň ýüzünde ýaşy 2000 ýyl bolan syrly nyşanlar tapyldy

  • 10.06.2024 13:47
  • 9.4k+

Arheologlar drondan surata düşürmek we wideoýazgy etmek arkaly Kolumbiýada we Wenesuelada gaýa çekilen gadymy suratlaryň bir toparyny, şol sanda dünýäniň iň uly monumental haşamyny karta geçirdiler. Adamlaryň we haýwanlaryň şekilleri bilen bezelen bu ajaýyp nusgalar Günorta Amerikanyň üstünden akýan Ýokarky we Orta Orinoko derýalarynyň boýunda ýerleşýär. Olar Arturs-Rapids diýlip atlandyrylýan möhüm söwda we syýahatçylyk ýolunyň ugrunda diýip, Live Science neşiri ýazýar.

Barlagçylar, suratlar uzakdan görner ýaly, olaryň bilgeşleýin şu ýerde çekilendigine  ynanýarlar.
Barlagyň esasy ýolbaşçysy, Angliýanyň Bornmut uniwersitetiniň arheologiýa we palaeo-daşky gurşawy modelirleme ugrundan uly mugallymy Filip Riris: "Suratlaryň bir düşündirişi - olar öz çägiňi bellemek üçin hyzmat edipdir. Bu özüňe degişli ýeri bellemegiň we oňa bolan hukuklaryňy mälim etmegiň bir usuly bolupdyr" diýýär.
Monumental haşamlaryň uzynlygy 42 metre ýetýän iň ulusyny kimiň döredenligi henizem syr bolup galýar. Käbir temalar we mazmunlar, şol sanda gömülgenleriň, anakondalaryň we beýleki ýylanlaryň gaýtalanýan şekilleri asly ýerli halklaryň miflerinde we ynançlarynda möhüm orun tutupdyr.

“Anakondalar we gömülgenler bu sebitde ýaşaýan käbir taýpalaryň arasynda dörediji hudaý bilen baglanyşyklydyr. Ýylanlaryň ölüm howplydygy düşnükli. Ähtimal, şeýtmek bilen adamlar kesekilere howply ýere aýak basýandyklaryny duýdurmak isländirler "- diýip Riris düşündiriş berýär.

Aýratynam, öňki gazuw-agtaryş işleri wagtynda şol sebitden tapylan, kelleçanagyň ýüzüne çyzylyp çekilen suraty ýada salýan uly ýylanyň şekili barlagçylaryň ünsüni özüne çekdi. Onuň şahy, towlam-towlam guýrugy bar, beýleki öwrenilen, gowaga çekilen suratlarda şekillendirilen Serro-Palomason ýylanyna meňzeş egrem-bugram.
Depäniň eňňidindäki gowakdan tapylan kiçiräk gapyrjak şonuň ýaly ýylan bilen bezelipdir. “Belki, ony çeken gaýada gören zatlaryny göçüren bolsa gerek. Ýöne men onuň gaýadaky şekilleri çekenler bilen bir wagtda ýaşandygyny süňňüm bilen duýýaryn "- diýip bilermen belleýär.
Gaýa sungatynyň ýaşy takmynan 2000 ýyl. Bu ýerleriň köpüsi barlagçylara eýýäm tanyş hem bolsa, karta salmak taslamasynyň dowamynda gadymy suratly ýene birnäçe täze ýerler açyldy. Hünärmenler gaýa çekilen ägirt uly nagyşlaryň şeýle köp üýşen ýeriniň dünýäniň başga hiç ýerinde ýokdugyny tassyklaýarlar.


düýn 19:32
1.4k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

17.06.2026 10:34
2k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....