Türkmenistanda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredildi

  • 09.06.2024 12:30
  • 7.7k+

Türkmenistanda «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasy döredilip, onda saglygy goraýyş ulgamynda yzygiderli ulanylýan bir gezeklik lukmançylyk serişdeleri, agyz-burun örtükleri, düşek daşlyklary öndürilýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherinde geçiren iş maslahatynda aýtdy.

Bellenilişi ýaly, Munuň özi lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberleriniň artmagynda we saglygy goraýyş edaralarynyň degişli serişdelere bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagynda ähmiýetlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow başy başlanan işiň üstünlikli dowam etdirilmelidigini, şunda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde bu önümleri ulanmak we sarp etmek boýunça gollanmalary, düzgünnamalary taýýarlamak hem-de degişli usulyýet işini ýola goýmak babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle hem ýurdumyz boýunça sarp ediljek bu önümleriň zerur bolan mukdary barada maglumatlar taýýarlanylmalydyr.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......