“Sugun çagasy” we “Jenap we hanym Smit” Gotham TV Awards baýragyna eýe boldular

  • 07.06.2024 13:38
  • 11k+

Nýu-Ýorkda “Gotem” telewizion baýragynyň ilkinji gowşurylyş dabarasy geçirildi we onda ýylyň iň gowy seriallary we aktýorlary sylaglandy. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Esasy nominasiýalarda ýeňiji bolanlaryň hatarynda mini-serallaryň arasynda öňegidişlik üçin baýrak alan Netflix-den “Sugun çagasy” (Оленёнок) bar. Serial stendap-komik Donni (Riçard Gedd) we stalker Marta (Jessika Ganning) barada gürrüň berýär.
Prime Video-dan “Jenap we hanym Smit” (Мистер и миссис Смит) serialy dramadaky öňegidişlik üçin baýrak aldy. Baş keşpleri Donald Glower we Maýýa Erskin ýerine ýetirdi. Serial eýýäm ikinji möwsüme uzaldyldy, ýöne oňa Glower we Erskin gatnaşmaz.
Laureatlaryň doly sanawy:

  • Drama seriallarynyň arasynda öňegidişlik: “Jenap we hanym Smit”
  • Mini-seriallaryň arasynda öňegidişlik: “Sugun çagasy”
  • Komediýa seriallarynyň arasynda öňegidişlik: “Kolin bugalteriýadan” (Колин из бухгалтерии)
  • Mini-serialda iň gowy keşp: Endrýu Skott (“Ripli”)
  • Dramada iň gowy keşp: Sen Szine (“Üç jisim meselesi”, “Задача трех тел”)
  • Komediýada iň gowy keşp: Harriet Daýer (“Kolin bugalteriýadan”)

“Gotem” baýragynyň gowşurylyş dabarasy garaşsyz we özboluşly taslamalara ünsi çekip, telewideniýe pudagynda gazanylan üstünlikleri bellemäge gönükdirilendir.


düýn 11:31
1.9k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
18k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....