Ýapon alymlary pişikleriň ömrüni 30 ýyla çenli uzaldýan sanjym döretdiler

  • 07.06.2024 11:37
  • 5.1k+

Dowamly böwrek keseli (DBK) 10 ýaşdan uly pişikleriň 30%-ini pida edýän keseldir. Tokio uniwersitetiniň immunology Toru Miýadzakiniň ýolbaşçylygyndaky gözlegçiler topary öý haýwanlaryna umyt döredýän sanjymy döretdiler.

Täze sanjym eýýäm kliniki synaglarda has oňaýly netijeleri görkezdi, hatda ölüm howply haýwanlarda-da böwregiň işini gowulaşdyrdy.
Netijeliligiň syry, böwrekleriň toksinlerini aýyrmaga kömek edýän makrofag apoptozynyň inhibitory bolan ýörite belokdadyr. Miýadzaki bu belogyň ýetmezçiliginiň pişiklerde DBK-yň sebäplerinden biridigini 2015-nji ýylda öwrendi.
Alym diňe bir pişikleriň saglygy üçin däl, eýsem, sanjymyň elýeterliligi üçinem göreşýär. Waksinanyň 2025-nji ýylda bazara çykmagyna garaşylýar.
Derman, DBK bilen göreşmekden başga-da, pişikleriň ömrüni 30 ýyla çenli uzaldyp biler, bu bolsa häzirki görkezijiden iki esse köpdür.


17.06.2026 10:34
1.9k+

Şwesiýa 40 ýyldan soň atom reaktorlarynyň gurluşygyna dolanýar. Rolls-Royce üpjün ediji bolar

Şwesiýanyň Vattenfall energetika kompaniýasy ýurduň täze atom maksatnamasynyň çäklerinde üç sany kiçi modully ýadro reaktoryny üpjün ediji hökmünde Beýik Britaniýanyň Rolls-Royce SMR kompaniýasyny saýlady....

13.06.2026 16:56
2.1k+

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

13.06.2026 11:09
1.9k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......