Apple WWDC konferensiýasynda macOS üçin täze funksiýalary hödürlär

  • 07.06.2024 11:35
  • 1.2k+

Apple 10-njy iýunda başlajak WWDC konferensiýasynda macOS operasion ulgamyna täzelenme hödürlär. Bloomberg-iň synçysy Mark Gurmanyň maglumatyna görä, bu üýtgeşmeler ilkinji nobatda has sazlaşykly we ulanmagy aňsat boljak “Ulgam sazlamalarynyň” interfeýsine täsir eder.

Şeýle hem macOS 15-iň sazlamalaryndaky gözleg gowulandyrylar we Hatlar, Poçta, Suratlar programmalaryna we dolandyryş merkezine täze funksiýalar goşular.
WWDC-de, macOS-dan başga-da, iOS 18, iPadOS, watchOS we tvOS täzelenmeleri hödürlener. iOS 18-de Siri, Suratlar, Hatlar, Bellikler we Safari brauzeri ýaly dürli programmalarda we funksiýalarda ulanyljak emeli intellektiň çuňňur integrasiýasy bolar diýlip garaşylýar.
Siri ses kömekçisi adamyň hereketlerini seljerer we käbir meseleleri aňsatlaşdyrar. Mysal üçin, ulanyjylar elektron haty pozmagy, suraty redaktirlemegi ýa-da ýygnagy jemlemegi buýrup bilerler.
Hatlara täze emojiler we Tapback nyşanlary goşular we tekstde aýratyn sözleri janlandyrmak funksiýasy hem bolar.
iOS-daky Dolandyryş merkezinde täzelenen aýdym wijeti we “akylly” öý enjamlaryny dolandyrmak mümkinçilikleri bolar.


şu gün 16:33
466

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...