Türkmenistan DÇ-2026-nyň saýlama oýnunda Özbegistandan utuldy

  • 07.06.2024 10:42
  • 16k+

6-njy iýunda Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy myhmançylykda Özbegistanyň milli ýygyndysyndan utuldy. Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama ýaryşynyň çäklerinde bolan oýun Daşkentdäki “Milliý” stadionynda geçirilip, 3:1 hasabynda tamamlandy.

Ýer eýeleri 17-nji minutda Husniddin Alikulowyň (“Rizespor”) goly netijesinde öňe saýlandylar. Türkmen topary 25-nji minutda hasaby deňledi, gol bilen “Arkadag” FK-nyň ýarym goragçysy Şanazar Tirkişow tapawutlandy. Ýöne dört minutdan Eýranyň “Persopolis” topary üçin çykyş edýän Özbegistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Oston Urunow toparyny ýene-de öňe çykardy. Oýnuň 70-nji minutynda Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Şerzod Nasrullaýew (“Nasaf”) gutarnykly hasaby kesgitledi.
Türkmenistanyň milli ýygyndysy indiki oýnuny 11-nji iýunda öz meýdançasynda Gonkonga garşy geçirer.


şu gün 07:37
1.4k+

FIFA sosial ulgamlardaky kemsitmelere garşy göreşmek üçin emeli aňy işjeňleşdirer

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) futbol boýunça dünýä çempionaty döwründe sosial ulgamlardaky kemsidiji teswirlere garşy göreşmek üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «The Guardian» gazeti habar......

06.06.2026 10:24
5.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

06.06.2026 08:15
4.3k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

05.06.2026 15:52
9.7k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......