Antonio Konte “Napoliniň” baş tälimçisi boldy

  • 06.06.2024 16:30
  • 5.7k+

“Ýuwentusyň”, “Çelsiniň” we “Interiň” öňki tälimçisi Antonio Konte Italiýanyň “Napoli” futbol klubuna baş tälimçi bellenildi. Bu barada klubuň resmi saýtyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

54 ýaşly hünärmen bilen şertnama 2027-nji ýylyň iýun aýyna çenli hereket edýär.
Konte öz begenjini beýan edip, toparyň we klubuň ösüşi üçin elinden gelenini etmäge wada berdi.
Konte 2011-nji ýyldan 2014-nji ýyl aralygynda “Ýuwentusyň” baş tälimçisi boldy, onuň ýolbaşçylygynda topar yzygider üç gezek Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. Şeýle-de, hünärmen Londonyň “Çelsisine” (2016-2018) we “Tottenhemine” (2021-2023), Milanyň “Interine” (2019-2021) ýolbaşçylyk etdi. Italýan topary bilen Italiýanyň çempionatynda ýeňiş gazandy. “Çelsi” bilen Angliýanyň çempiony we Kubogynyň eýesi boldy. 2014-nji ýyldan 2016-njy ýyl aralygynda Italiýanyň milli ýygyndysyna tälimçilik etdi.


düýn 13:51
8.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......