Türkmen we daşary ýurt binagärleri şäher gurluşygynyň innowasiýalaryny maslahatlaşdylar

  • 06.06.2024 13:42
  • 7.5k+

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezinde «Binagärlik gurluşykda döredilen sungatdyr» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony Bilim ministrligi Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen bilelikde gurady.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata gatnaşmaga Azerbaýjanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Gazagystanyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Malaýziýanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Türkiýäniň we beýleki döwletleriň ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr professorlary, halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän belli gurluşyk kompaniýalarynyň wekilleri çagyryldy.
Umumy mejlisiň açylyş dabarasynyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar esasy görkezme gymmatlyklary gyzykly binagärlik taslamalaryndan we çyzgylardan ybarat bolan sergi bilen tanyşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzda gurlup ulanmaga berilýän desgalaryň binagärlik we dizaýn çözgütlerine aýratyn üns çekdiler.
Forumyň köp sanly wekilleriniň pikiriçe, kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesi berlen Arkadag şäheri dünýäniň şähergurluşyk taslamalarynyň hatarynda üýtgeşik täzelik boldy. Bu ýerde ýokary halkara, şol sanda daşky gurşawy goramagyň ölçeglerine laýyk gelýän toplumlaýyn desgalar ýaşaýjylary oňaýly şertlerdir amatlyklar bilen üpjün edýär.
Maslahata gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar çykyşlarynda öz halklarynyň binagärlik sungatynyň däp-dessurlary we aýratynlyklary, dünýä döwletlerinde işjeň ornaşdyrylýan häzirki zaman şäher gurluşygynyň innowasiýalary, täzeçil tehnologik işläp taýýarlamalary barada gürrüň berdiler. Amatly şäher gurşawyny, tebigat gözelligi bilen utgaşýan dizaýny kemala getirmek hem-de binagärlik-gurluşyk biliminiň netijeliligini artdyrmak, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ugurlary bilen baglanyşykly bolan maslahatlaşmalaryň dowamynda orta atylan meseleler uly gyzyklanma eýe boldy.
Forumyň çäklerinde binagärlik sungatynyň ösüşiniň geljekki ýollary, täzeçil ugurlary boýunça netijeli pikir alyşmalara orun berildi. Maslahatyň işi dört bölümçede dowam etdi. “Binagärlik innowasiýalary, döwrebap materiallar we tehnologiýalar”, “Binagärlik-gurluşyk biliminiň ösüşiniň mümkinçilikleri”, “Taryhy-medeni mirasyň asyl nusgasyny gorap saklamak”, “Şäherleriň durnukly ösüşiniň meseleleri” diýlip atlandyrylan bölümçelerde olaryň her biriniň mazmunlaýyn aýratynlyklaryna üns çekildi. Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlary we ylmy makalalary ýörite ýygynda girizilip, çap edildi.
Daşary ýurtly myhmanlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň gözel ýerlerine, täze gurulýan desgalara tanyşdyryş gezelençleri guraldy.


20.06.2026 11:41
3.6k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.4k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.6k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......