В столичном отеле Arçabil проходит международная конференция TESC-2024

  • 06.06.2024 13:20
  • 1.6k+

5-nji iýunda «Arçabil» myhmanhanasynda «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly iki günlük halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.

Maslahat «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri we «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guraldy.
«Energetika mümkinçilikleri, uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň täze tehnologiýalary we jähetleri» atly umumy mejlisiň dowamynda bilermenler bu maslahatyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň geljegine baha bermäge mümkinçilik berýändigini aýdyp, täze tehnologiýalary döretmegiň we arassa energiýa geçmegiň, ileri tutulýan ugurlary gözden geçirmegiň, energetika howpsuzlygynyň, daşky gurşawy goramak meselelerini çözmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Mejlisiň dowamynda hünärmenler nebit senagatynyň işiniň ekologik taýdan arassalygyny üpjün etmegiň zerurdygy bilen baglylykda, ulanylýan tehnologiýalaryň adamyň daşky gurşawy goramak işjeňligine goşant goşmalydygyny nygtadylar.
Soňra maslahatyň işi «Täze tehnologiýalar we energiýa geçişi boýunça geljege bolan garaýyş», «Uglewodorod önümçiliginde metanyň we kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak», «Ýaşyl» energetikany ösdürmek ugrunda başlangyçlar we maliýeleşdirmegiň täze mümkinçilikleri» atly mowzuklaýyn mejlislerde dowam etdi. Maslahatyň mejlislerine we pikir alyşmalaryna BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Jon MakGregor, «Capterio» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory Mark Dewis, “SPE-International” guramasynyň direktorlar geňeşiniň agzasy, Ýakyn Gündogar we Demirgazyk Afrika boýunça sebitleýin direktory Heşam Zubari, «Yug-Neftegaz Private Limited» kompaniýasynyň müdiriýetiniň agzasy Igor Zgurow, «PETRONAS Çarigali (Turkmenistan) Sdn Bhd», «Baker Hughes» «NaPeCo», «Mitro International», «ADNOC», «CNPC», «Eni S.p.A.», «Dragon Oil», «Lukoýl» ýaly meşhur kompaniýalaryň hünärmenleri, Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligiň (IRENA), Ählumumy gaz merkeziniň, Gazy eksport ediji ýurtlaryň forumynyň, Nebit inženerleri jemgyýetiniň, Energetika hartiýasynyň Sekretariatynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Ara alyp maslahatlaşmalara wideoaragatnaşyk arkaly iri halkara guramalaryň we maliýe institutlarynyň — BMG-niň, ÝHHG-niň, Bütindünýä bankynyň, Aziýa ösüş bankynyň, Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň, Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlyk bankynyň wekilleri hem goşuldylar. Mejlisleriň dowamynda ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň we daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenler çykyş etdiler.
Pikir alyşmalaryň dowamynda bu ulgamda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek boýunça türkmen tarapynyň teklipleri beýan edildi.
Halkara maslahat öz işini 6-njy iýuna çenli dowam eder. Oňa gatnaşyjylar BMG bilen bilelikde geçiriljek «Energetiki integrasiýa we söwda arkaly energetika howpsuzlygyny we energiýa ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak» atly maslahatda meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşarlar.
Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümindäki kärhanalaryň ýolbaşçylary bilen olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň arasynda özara gatnaşyklaryň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin onlaýn duşuşyklar geçiriler.


17.01.2026 08:47
5k+

В ТКНПЗ планируется модернизация инфраструктуры

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
3.7k+

Из новой скважины на месторождении Хазарлы получен мощный приток газа

На месторождении Хазарлы в Лебапском велаяте из новой скважины получен мощный приток природного газа, сообщила газета Nebit-Gaz. Речь идет о скважине «Хазарлы-3», пробуренной экспедицией «Marynebitgazgözleg» Государственной корпорации «Türkmengeologiýa»...

27.12.2025 13:07
11k+

В 2026 году начнется освоение четвертого этапа месторождения «Galkynyş»

В начале 2026 года китайская нефтегазовая корпорация CNPC начнет в Туркменистане реализацию четвертой очереди промышленного освоения газового месторождения «Galkynyş». Проект направлен на дальнейшее раскрытие ресурсного потенциала месторождения и укрепление энергетических возможностей страны...

24.12.2025 14:12
20k+

Составлен рейтинг 10 крупнейших стран по добыче природного газа

Природный газ остаётся одним из ключевых энергоресурсов, а свежие данные по добыче показывают, насколько сосредоточенным стал мировой рынок. Инфографика, основанная на данных Statistical Review of World Energy Энергетического института США по итогам прошлого года, отражает, какие страны задают тон рынку на фоне тесной связи энергетики, геополитики и климатической повестки...