Türkmenistanyň Gahrymany, kosmonawt Oleg Kononenko kosmosda 1000 gün bolan ilkinji adam boldy

  • 05.06.2024 15:56
  • 26k+

Roskosmos kosmonawtlar toparynyň komandiri, Halkara kosmos stansiýasynda TASS-yň ýörite habarçysy, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Kononenko Ýere golaý orbitada jemi 1000 gije-gündizi geçiren dünýäde ilkinji adam boldy. Bu barada Roskosmosa salgylanyp, TASS habar berýär.

“Şu gün Moskwa wagty bilen 00:00:20-de Halkara kosmos stansiýasynda işleýän “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň kosmonawty Oleg Kononenko dünýäde ilkinji gezek kosmos uçuşlarynyň umumy dowamlylygyny 1 müň gije-gündize ýetirdi” – diýlip, habarda aýdylýar.

Kosmonawtlar toparynyň komandiri häzir karýerasynda bäşinji kosmos uçuşyny amala aşyrýar. Ol 4-nji fewralda bäş missiýasynyň dowamynda (1998-nji ýyldan 2015-nji ýyl aralygy) kosmosda jemi 878 gün 11 sagat 29 minut 48 sekunt bolan russiýaly kosmonawt Gennadiý Padalkanyň rekordyny täzeledi. Iýun aýynda Kononenko kosmosda 60 ýaşyny bellär, ýyllyk ekspedisiýanyň ahyrynda bolsa onuň umumy uçuşy 1 110 güne deň bolar.


düýn 10:10
2.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:32
3.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6.5k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......