Alymlar dökünden we Günden wodorod öndürmegi öwrendiler. Bu 6 esse tygşytlydyr

  • 05.06.2024 15:05
  • 4.4k+

Çikagodaky Illinoýs uniwersitetiniň alymlary Gün energiýasyny, şeýle-de oba hojalygynyň galyndylaryndan, mysal üçin dökünden öndürilen biokömri ulanyp, suwdan wodorod öndürmegiň usulyny oýlap tapdylar.

Täze usul wodorod önümçiligini ekologiýa taýdan arassa we tygşytly etmek bilen, energiýa çykdajylaryny 600% azaltmaga mümkinçilik berýär.
Biokömür suwa elektrolizden öň goşulýar, bu onuň wodoroda we kisloroda bölünmegi üçin zerur naprýaženiýäni peseldýär.
Gözlegçiler biokömrüň bäş görnüşini synagdan geçirdiler we sygyr dersiniň iň gowy netijäni berýändigini anykladylar.
Prosese energiýa bermek üçin diňe adaty kremniy Gün elementi ýeterlik, bu bolsa ony ýönekeý we elýeterli edýär.
Täze tehnologiýa ekologiýa taýdan arassa ýangyjy we himiki serişdeleri öndürmäge mümkinçilik açyp, arassa energiýa ymtylyşda öňegidişlik bolup biler.

“Biokömrüň we Gün energiýasynyň, takmynan, 35% -iniň wodoroda öwrülýändigi sebäpli bu proses örän netijelidir. Bular dünýä rekordlarydyr, öň görülmedik  görkezijilerdir"-diýip, barlagyň awtordaşy Rohit Çauhan aýdýar.


düýn 16:45
3.3k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

düýn 16:26
4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....

07.06.2026 17:07
996

Elektromagnit impulslary deňiz jandarlarynyň ömrüni uzaltmaga kömek etdi

Gysga wagtlyk elektrik impulslarynyň yzygiderli täsir etdirilmegi deňiz jandarlary bolan assidiýalaryň saglygynyň uzak wagtlap gowulanmagyna we olaryň ömrüniň ep-esli uzalmagyna getirýär. Amerikaly alymlaryň......