“Mumiýa” gaýdyp gelýär: Freýzer we Waýs meşhur filmiň dowamynda oýnarlar

  • 05.06.2024 15:12
  • 8.2k+

Universal kompaniýasy 1999-njy ýyldaky asyl filmiň ýyldyzlary Brendan Freýzer we Reýçel Waýsiň gaýtadan oýnajak “Mumiýa” filminiň dowamynyň üstünde işleýär. Bu barada Golliwudyň insaýderi Denial Rihtman habar berdi.

Sýužetiň jikme-jiklikleri we Freýzer bilen Waýs-dan başga aktýorlar entek aýan edilmedi.
Stiwen Sommersiň režissýorlyk eden asyl filmi, 1932-nji ýylda döredilen klassikanyň remeýki boldy we dürli teswirlere garamazdan dünýäde 416 million dollardan gowrak girdeji gazanan täjirçilik üstünlige öwrüldi.
Asyl filmiň dowamy: “Mumiýa gaýdyp gelýär”(“Мумия возвращается”) (2001) we “Mumiýa: Drakon imperatorynyň mazary” (“Мумия: Гробница императора драконов”) (2008), şeýle hem “Içýanlaryň şasy”(“Царь скорпионов”) (2002).
2017-nji ýylda Universal, baş rolda Tom Kruz bolan franşizany täzeden açmaga synanyşdy, ýöne film prokatda-da, tankytçylaryň arasynda-da şowsuzlyga uçrady, bu bolsa studiýanyň “Garaňky älemi” (“Тёмная Вселенная”) döretmek baradaky meýilnamasyny ýatyrdy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....