“Bawariýa” Germaniýanyň günortasynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi

  • 05.06.2024 14:51
  • 19k+

“Bawariýa” futbol kluby Germaniýanyň günortasynda suw joşmasyndan ejir çekenlere 1 mln ýewro bagyş etdi. Bu barada toparyň metbugat gullugynyň resmi saýtdaky habaryna salgylanyp, “Çempionat” ýazýar.

“Suw joşmasy uly zyýan ýetirip, elhenç jebirlere sebäp boldy. Şeýle adatdan daşary ýagdaýlarda aýratyn jemgyýetçilik ruhy zerur we muny häzir ýerlerde köp adamlar görkezýär. “Bawariýa” FK raýdaşlyk bildirip, ejir çekenleri goldamaga çalyşýar” – diýip, mýunhenlileriň metbugat gullugy klubuň prezidenti Gerbert Haýneriň sözlerini getirýär.

“Bawariýa” 2023/2024-möwsüminde Bundesliganyň ýaryş jedwelinde üçünji orny eýeledi. Topar häzirki möwsümde ýekeje kubogy-da gazanyp bilmedi.


düýn 23:41
1k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
8.7k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
6.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......