Türkmenistan Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatynda başlangyçlaryny beýan etdi

  • 05.06.2024 11:17
  • 7.4k+

3-nji iýundan Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministriniň orunbasary N.Jumaşowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahatyna gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Maslahata BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (UNFCCC) gatnaşyjy ýurtlaryň ministrlikleriniň we daşky gurşaw edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilleri we alymlar gatnaşýar. 198 ýurduň wekiliýetleri 11-22-nji noýabr aralygynda Bakuda geçiriljek UNFCCC maslahatyna (COP-29) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Bonnda duşuşdylar.
Umumy mejlisde çykyş etmek bilen türkmen tarapy BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyna ünsi çekip, bu başlangyjyň aýratyn ähmiýetini we derwaýyslygyny nygtady.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Azerbeýjan Respublikasynyň Ekologiýa we tebigy baýlyklar ministriniň orunbasary Umaira Tagiýewa, Ýaşyl howa gaznasynyň wekili doktor Amgad Elmahdi, Howa tehnologiýlary boýunça toruň we merkeziň Direktorynyň wezipesini ýerine ýetiriji Rajiw Gargo, UNFCCC-niň wekilleri Nattli Williams we Maýa Shwaradhe bilen duşuşygy geçirildi.
Howanyň üýtgemegi boýunça Bonn maslahaty öz işini 2024-nji ýylyň 13-nji iýunyna çenli dowam eder.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....