Saud Arabystany ýagyş suwuny ýygnamak üçin 1000 sany bent gurar

  • 06.08.2025 16:16
  • 10k+

Saud Arabystany ýagyş suwuny ýygnamak üçin 1000 sany bent gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada metbugat ýygnagynda ýurduň daşky gurşaw, suw gorlary we oba hojalygy ministri Abdurahman Al-fadli mälim etdi  diýip, Ahbaar24 neşiri habar berýär.

Onuň sözlerine görä, täze desgalar ýylda 4 million kub metre çenli suwy toplap biler.
Ministr ýurduň suw pudagynda jemi 61,3 milliard dollarlyk iri taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Dürli kuwwatly bentler möwsümleýin ýagyşlary ýygnap, ýerasty suw gorlaryny doldurar, ýerüsti suw akymlaryny azaldar we gurak ýerleri suw bilen üpjün eder. Ol bu taslamanyň suw gorlaryny uzak möhletleýin tygşytlamak üçin möhüm ädim hökmünde görülýändigini belledi.
Al-Fadhliniň hasabatyna görä, ýurduň suw önümçiligi eýýäm iki esse artdy, şonuň 75%-i süýjedilen deňiz suwuna degişlidir. Saud Arabystany deňiz suwundan  alynýan süýji suwuň mukdary boýunça dünýäde birinji orny eýeleýär. Şeýle-de, gaýtadan ulanylýan suwuň mukdary iki esse artyp, 32% -e ýetdi.
Howa bilen bagly başlangyçlarynyň çäginde ýurt 2030-njy ýyla çenli kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmagy, 10 milliard agaç ekmegi we zeper ýeten tebigy zolaklary dikeltmegi maksat edinýär.
Ministr “Ýaşyl Saud Arabystany” maksatnamasynyň çäklerinde 500 müň gektardan gowrak zaýalanan ýerleriň eýýäm dikeldilendigini we 151 million agaç nahalynyň oturdylandygyny belledi. Hökümet 2030-njy ýyla çenli 2,5 million gektar meýdany dikeltmegi we ekilen agaçlaryň sanyny 215 milliona ýetirmegi meýilleşdirýärler. Maksatnamanyň umumy maksady - 40 million gektar meýdanda 10 milliard agaç ekmek.


30.04.2026 17:05
2.6k+

Aşgabatda dördünji Duşenbe suw maslahatyna görülýän taýýarlyk boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň paýtagtynda 2018 — 2028-nji ýyl­lar üçin “Suw dur­nuk­ly ösüş üçin” diýen halkara hereketleriň on­ýyl­ly­gynyň çäklerinde geçiriljek dördünji ýokary derejeli halkara maslahatyna taýýarlyk......

23.04.2026 10:39
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow Sebitleýin ekologiýa sammitinde anyk başlangyçlary öňe sürdi

2026-njy ýylyň 22-nji aprelinde Astana şäheriniň Kongresler merkezinde «Durnukly geljek boýunça umumy garaýyş» atly Sebitleýin ekologiýa sammitiniň (RES 2026) plenar mejlisi geçirildi. Sammitiň gün tertibine......

22.04.2026 19:17
7.1k+

Türkmenistan Astanadaky sammitde ekologik sebit merkezlerini döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň paýtagty Astanada «Durnukly geljek barada umumy garaýyş» mowzugy astynda geçirilýän Sebitleýin ekologiýa sammitinde (RES 2026) çykyş etdi. Bu barada......

22.03.2026 12:19
5.5k+

Türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Türkmenistanyň Prezidenti ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy

21-nji martda Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramynyň bellenilýän pursatlarynda ýurduň ekologiýa syýasatynyň rowaçlanýandygyny dabaralandyrýan ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi. Bu...