“Çane - 6” Aýyň arka tarapynyň topragynyň nusgalaryny alyp, Aýdan ugrady

  • 04.06.2024 23:20
  • 8.3k+

Hytaýyň “Çane-6” kosmiki gämisi ýany bilen topragyň gymmatly nusgalaryny alyp, Aýyň arka ýüzünden üstünlikli uçup gaýtdy diýip, Hytaýyň Milli kosmos gullugyna salgylanýan Reuters gullugy ýazýar.

3-nji maýda Wençan hemra uçuryş merkezinden uçurylan “Çane 6” Aýyň ozal öwrenmäge elýeter bolmadyk garaňky tarapyndan nusgalary ýygnan ilkinji zond boldy. Apparat 2 kilogram töweregi Aý regolitini yhlas bilen ýygnandan soň, Ýeriň tebigy hemrasynyň üstünden göterilip orbita çykdy.
Orbitada apparatyň Ýere tarap ugur almak üçin, başga bir  kosmos gämisi bilen birikmegine garaşylýar. Zond 25-nji iýunda Hytaýyň Içki Mongoliýa sebitine gonar.
Hytaýly alymlaryň sözlerine görä, “Çane 6-nyň” getirjek nusgalarynyň ylmy gymmatlygy häzirki wagtda ýaşy dört milliard ýyl töweregi diýlip çaklanylýan Günorta polýus-Eýtken basseýniniň geologiki ýaşyny kesgitlemekden ybarat. Bu SSSR-iň we ABŞ-nyň Aý missiýalary tarapyndan getirilen, takmynan, üç milliard ýyllyk nusgalaryndan, şeýle hem “Çane 5-iň” alan iki milliard ýyllyk nusgalaryndan has uludyr.


düýn 10:53
1.5k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
3.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.1k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....