Neýroulgamlar tarapyndan döredilen seriallary hödürleýän striming hyzmaty peýda boldy

  • 04.06.2024 13:33
  • 3.9k+

Amerikan studiýasy Fable emeli aň tarapyndan döredilen seriallary hödürleýän Showrunner striming hyzmatyny işe girizdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär.

Platforma diňe bir taýýar taslamalara tomaşa etmäge däl, eýsem täze taslamalary döretmek işine gatnaşmaga-da mümkinçilik berýär. Tomaşaçylar özleri üçin özboluşly epizodlary döredip, sýužete täsir edip bilerler.
Geljekde Showrunner interaktiw seriallary döretmek mümkinçiligini hödürlär we awtorlar öz döredijiliginden gazanç edip bilerler.

“Maksat emeli aň pudagynda Netflix bolmakdyr. Ähtimal, siz filmiň ähli epizodlaryna tomaşa edip gutararsyňyz we ýene bir bölümi döretmek üçin düwmä basarsyňyz. Siz onuň näme barada bolmalydygyny aýdyp bilersiňiz ýa-da emeli aňyň hemme zady etmegine rugsat berip bilersiňiz” – diýip, Fable-niň ýerine ýetiriji müdiri Edward Saatçi belledi.

Häzir platformada 10 animasion taslama, şol sanda “Exit Valley” satirasy, “Ikiru Shinu” horrory we “Sim Francisco” antologiýasy bar.
Fable 2019-njy ýylda interaktiw mediada innowasiýa üçin “Emmi” baýragyna mynasyp boldy. Studiýa emeli aňyň kömegi bilen “Günorta seýilgähiň” dokuz gysga bölümini döredeninden soň belli boldy.
Eýýäm häzir özüňi seriallaryň awtory hökmünde synap görmek bolar: Showrunner synaga gatnaşmak isleýänleri hasaba alýar.


düýn 12:14
1k+

Doganlary üçin ganly ar alyş: «Ninja pyşbagalar: Iň soňky Ronin» oýny tanyşdyryldy

«Summer Game Fest» çäresiniň çäklerinde täze döredilen Paramount Games neşirýaty özüniň täze taslamasyny tanyşdyrdy. Gürrüň gaýtadan yglan edilen «Teenage Mutant Ninja Turtles: The Last Ronin» (Ninja......

11.06.2026 23:59
6.6k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

10.06.2026 07:46
1.4k+

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....