Gadymy Müsüriň lukmanlary beýniniň rak keselini operasiýa edipdirler

  • 04.06.2024 12:01
  • 11k+

Ispaniýanyň, Germaniýanyň we Angliýanyň alymlary Gadymy Müsürden tapylan iki kelleçanagy gözden geçirdiler. Olarda rak keseliniň alamatlaryny, şeýle-de, geçirilen operasiýa yzlaryny tapdylar. Bu barada Frontiers in Medicine žurnalynda çap edilen barlagda aýdylýar.

Agzalan iki kelleçanak iňlis antropology Winfrid Dakwortyň toplan ýygyndysyndan alnyp derňeldi. Olar Kembrij uniwersitetinde saklanýar.
Kelleçanaklaryň biri b.e.öňki 2687-2345-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen 30-35 ýaşlaryndaky erkek kişä, beýlekisi b.e. öňki 663-nji we 343-nji ýyllar aralygynda ýaşap geçen 50 ýaşdan geçen zenana degişlidir.

Erkek adamda beýniniň birnäçe metastazly rak keseli bar eken. Alymlar onuň kellesinden operasiýadan soň galyp biljek kesik yzlaryny tapdylar.

“Megerem, gadymy müsürliler haýsydyr bir hirurgiki amallary ýerine ýetiren bolsalar gerek. Olar çişi kesip aýyrmaga ýa-da onuň barlagyny geçirmäge synanyşan bolsalar gerek "- diýip, barlagyň şärikdeş awtory, professor Albert Isidro belledi.

Müsürli aýalyň kelleçanagynda hem rak keseliniň yzlary tapyldy. Ýöne alymlar onuň ýüzünde iki sany, megerem, ýiti tyg bilen kesilen, biten  şikesiň bardygyny bellediler. Bu paleopatologlara adaty däl ýagdaý bolup göründi, sebäbi beýle zorlukly zyýan ýetirmeler owal diňe erkek adamlaryň süňkünden tapylýardy. Belki-de, aýalyň erkekler bilen deň hatarda söweşlere gatnaşan bolmagy ähtimal.
Týubingen uniwersitetinden barlagyň awtory Tatýana Tondini: "Bu gadymy gapma-garşylyklarda zenanlaryň eýelän orny baradaky sowaly ör boýuna galdyrýar" – diýip ýazýar.
Bu açyşlar gadym döwürlerde-de, häzirki zaman faktorlarynyň ýokdugyna garamazdan, rak keseliniň bolandygyny görkezýär. Şeýle-de, kelleçanaklaryň barlagy mundan dört müň ýyldan gowrak ozal hem gadymy müsürli tebipleriň rak keseli barada bilendiklerini we hatda ony bejermäge hem synanyşandyklaryny  görkezdi. Bu gadymy Müsür jemgyýetiniň ösüş derejesini we onuň dünýä baradaky bilimini görkezýär.


25.05.2026 16:09
1.2k+

Oksfordyň alymlary Ebola wirusyna garşy täze sanjym taýýarlaýarlar

Oksford uniwersitetiniň alymlary dünýäniň iň wehimli wiruslarynyň biri bolan Ebola garşy täze waksina taýýarlaýarlar. Bu serişde ýakyn 2-3 aýyň dowamynda adamlarda synag edilip başlanylar....

21.05.2026 16:20
4.5k+

Towuk iýmindäki üzüm çigidiniň künjarasy jüýjeleri antibiotiksiz sagdyn ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär

Kornell uniwersitetiniň alymlary üzüm çigdiniň künjarasyny iýmit goşundysy hökmünde ulanmagyň, antibiotik ösüş stimulyatorlaryny ulanmazdan, sagdyn broýler towuklaryny ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik......

17.05.2026 23:19
1.7k+

Rus alymlary melanomanyň maksatly terapiýasy üçin plýonka döretdiler

ITMO uniwersitetiniň we Kant adyndaky Baltika federal uniwersitetiniň alymlary sagdyn öýjüklere zeper ýetirmezden, deri çişlerine garşy dermanlary maksatly goýbermek üçin material işläp düzdüler....

05.05.2026 14:00
2.2k+

Ysmaz hassalar Neuralink-yň kömegi bilen pikir arkaly hereket etmegi öwrendiler

Neuralink kompaniýasy ysmaz adamyň öz pikirleriniň kömegi bilen robotlaşdyrylan eli nähili dolandyryp bilýändigini görkezdi. Bu görkezme tehnologiýanyň mümkinçilikleriniň näderejede ýokarydygynyň göz-görtele......