Alymlar öz-özüni arassalaýan we otaglary sowadýan dury material döretdiler

  • 04.06.2024 11:40
  • 5.9k+

Karlsrue Tehnologiýa institutynyň (Germaniýa) hünärmenleri aýratynlyklary boýunça adaty aýnadan ýokarda durýan mikrofotoniki köpugurly metamaterial döretdiler. Ony gurluşykda ulanyp bolýar diýip, Nature Communications žurnaly belleýär.

Polimer esasly täze material, takmynan, 10 mikron (adam saçyndan 10 esse inçe) mikroskopik silikon piramidalarynyň özboluşly gurluşyna eýedir.
Şeýle gurluşy arkaly ol birnäçe täsirli aýratynlyklary görkezýär:

  • Durulygy 93%, diýmek aýnadan 2% ýokary.
  • Ýagtylygyň 73% -ini ýaýradyp, bulaşyk effekt döredýär we konfidensiallygy üpjün edýär.
  • Içerde amatly mikroklimaty saklamaga mümkinçilik berýän Gün şöhlesini geçirýär.
  • Elektrik energiýasyny sarp etmezden, passiw sowadýar: synaglarda material temperaturany 6° C peseltdi.
  • Öz-özüni arassalaýar: materialyň gurluşy, lotos ýapragy ýaly, hapany we tozany aýyrýan suw damjalarynyň döremegine kömek edýär.

Alymlaryň sözlerine görä, material dürli ugurlarda (şol sanda, gurluşykda diwarlara we üçeklere goýulýan aýna bölekleriniň ornuny tutup bilýär) ulanmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.

"Bu material bir wagtyň özünde otagda Gün şöhlesiniň ulanylmagyny optimallaşdyryp, passiw sowadyşy üpjün edip we kondisionere garaşlylygy azaldyp biler" – diýip, materialy döredijileriň biri Gan Huang nygtaýar.


şu gün 10:31
5k+

Samsung täze çip, ýöne birje kemçilik bilen Galaxy A27 5G smartfonyny hödürledi

Samsung kompaniýasy orta derejeli Galaxy A27 5G smartfonynyň resmi tanyşdyrylyşyny geçirdi. Täze model Snapdragon tarapyndan öndürilen täze prosessor, frontal paneliň täzelenen dizaýny we uzak möhletli......

düýn 10:51
1k+

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

24.06.2026 23:26
3.1k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.2k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......