Türkiýäniň Ýozgat şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi

  • 03.06.2024 14:36
  • 10k+

31-nji maýda Türkiýäniň Ýozgat şäheriniň merkezi seýilgähinde Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy tarapyndan beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy gurnaldy.

Türkmenistanyň Türkiýedäki diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, dabara Ýozgat welaýatyň we şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, Türkiýäniň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türkmen talyplary we habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdylar.
Gül goýmak dabarasyndan soň, Ýozgat şäheriniň Bozok uniwersitetiniň maslahatlar zalynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlan ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata hormatly myhmanlar hökmünde Ýozgat welaýatynyň Gubernatory Mehmet Ali Ozkan, Ýozgat şäheriniň mery Kazim Arslan, Bozok uniwersitetiniň rektory Erwen Ýaşar, professor-mugallymlar we türkmen talyplary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň eserleriniň diňe bir Türkmenistanyň medeniýetine däl, eýsem, sebit ýurtlaryna möhüm täsiri bellenildi. Şeýle hem, çykyş edenler türkmen filosofy we şahyry Magtymguly Pyragynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä hakydasy» atly halkara sanawyna girizilendigi we 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşulandygyny hem bellediler.
Şeýle hem Bozok uniwersitetinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinden, Magtymguly Pyragynyň kitaplaryndan ybarat we türkmen medeniýetini wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi görkezildi.


düýn 10:10
2.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:24
6.6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......