5-nji iýunda “Türkmenistan – ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçiriler

  • 31.05.2024 22:26
  • 2.9k+

5-nji iýunda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli “Türkmenistan – ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär. Maslahata görülýän taýýarlyk barada wise-premýer T.Atahallyýew anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.

Maslahata Oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, halkara we sebit guramalarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, şeýle hem alymlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Foruma sanly ulgam arkaly daşary ýurtly gatnaşyjylar hem goşularlar.
Serdar Berdimuhamedow Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary derejede geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.


düýn 16:07
2.3k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
3.9k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....

02.06.2026 11:32
2.6k+

Türkmen pileçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, borçnamalaryny doly berjaý etdiler

Türkmenistanyň pileçi kärendeçileri 2 100 tonnadan gowrak pile tabşyryp, bu baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler....

27.05.2026 14:21
5.3k+

Dünýäniň azyk eksportynyň 80%-den gowragyny emele getirýän öňdebaryjy 30 ýurt

Azyk eksporty ýurduň ykdysady täsirliliginiň esasy görkezijisi bolmagynda galýar. Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) maglumatlaryna görä, dünýäniň azyk bazarynyň 80% -den gowragy, ýagny 1,5 trillion dollary,......