Aýdaky Momo bazasy: MIT-iň alymlary Aýdaky ilkinji jaýyň nähili boljakdygyny görkezdiler

  • 30.05.2024 22:15
  • 8.8k+

Massaçusets tehnologiýalar institutynyň (MIT) hünärmenleri NASA-nyň ýa-da SpaceX-iň kosmos missiýalarynyň bir bölegi bolup biljek Aý bazasynyň prototipi bolan Momo taslamasyny hödürlediler.

Momo bazasy, ary öýjügi ýaly, aýratyn “öýjüklerden” ybarat modully gurluş. Her “öýjük” germetiki polietilen membranadan ýasalan we alýumin çarçuwa bilen goralan. Çarçuwalarda magnit bar, bu bolsa birnäçe bölekden dessine bitewi jaý gurmaga mümkinçilik berýär.
Her “öýjüge” ýatalga, iş stoly ýa-da trenažor ýaly  kosmos mebellerini berkidip bolýar. Bir Momo bazasynda köpünden iki kosmonawt ýerleşip biler.
Gerek bolsa binany täzeden gurup bolar ýa-da döwülse bölekleriniň birini çalt çalşyp bolar. Baza sfera ýa-da ellipsoid görnüşinde bolup biler. Şeýle gurluşyk toplumy kosmos gämilerinde daşamaga amatly, sebäbi kän ýer tutmaýar.
NASA 2026-njy ýyldan 2030-njy ýyla çenli aralykda “Artemida-3” Aý missiýasyny goýbermegi meýilleşdirýär. Bu missiýada kosmos gullugy adamlary Aýa ibermek we emeli hemranyň mundan beýläk kolonizasiýa edilmegine esas döretmek isleýär. Alymlar tarapyndan döredilen Momo bazasynyň kosmonawtlaryň ýany bilen äkidilip, olaryň Aýdaky esasy mesgenine öwrülmegi ähtimal.

 


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.4k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....