Spilberg 2026-njy ýylda “özboluşly waka baý filmi” çykarar

  • 29.05.2024 11:58
  • 1.9k+

The Hollywood Reporter-yň habar bermegine görä, režissýor Stiwen Spilbergiň (“Şindleriň sanawy”, “Hatarçy Raýany halas etmek”) heniz at goýulmadyk täze filmi 2026-njy ýylyň 15-nji maýynda kinoteatrlara çykar.

Filmiň ssenarisini “Dünýäleriň söweşi”, “Ýura eýýamynyň seýilgähi” we “Indiana Jons we billur kelleçanaklar şalygy” filmlerini goýujy bilen işleşen Dewid Kepp ýazar.
Taslama Spilbergiň özüniň döreden sýužetine esaslanýan "özboluşly waka baý film" bolar. Wakalaryň jikme-jik beýany  we aktýorlaryň düzümi entek aýan edilmedi. Filmiň üstünde Universal studiýasy we Amblin Entertainment işlär.
Spilbergiň soňky işi bolan “Fabelmanlar” atly terjimehal dramanyň 2022-nji ýylda çykandygyny ýatladýarys.
Spilbergiň etsem-goýsamlary köp. Häzirki wagtda ol baş keşbi Bredli Kuperiň janlandyrmagynda polisiýaly “Bullit” filminiň remeýkini çykarmaga taýýarlanýar. Şeýle hem režissýor Napoleon hakda mini-seriýaly surata düşürmek hyýalynyň bardygyny gürrüň berdi. Onsoňam Jeýms MakBraýdyň “”Asman-Zemin” azyk dükany” romanynyň esasynda film düşürer. Mundan başga-da, kinorežissýor Martin Skorseze bilen bilelikde “Gorky burny” (“Мыс страха”) trillerine esaslanýan teleserialyň üstünde işleýär. Ýanwar aýynda Apple TV +-de Spilbergiň prodýusserlik eden “Howanyň hökümdarlary” (“Властелины воздуха”) atly ýene bir seriýaly çykypdy.


düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....