A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda «Hindi söýgüsi» sahna oýny goýuldy

  • 28.05.2024 23:27
  • 9k+

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda hindi dramaturgy Gopalakrişna Paraçuriniň pýesasy esasynda «Hindi söýgüsi» sahna oýnunyň görkezilişi boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Spektakl şadyýan, parlak konserte meňzeýär, onda ýedi tans kompozisiýasynyň bardygyny bellemek ýeterlikdir. Şol bir wagtyň özünde, sahnada tomaşaçylara baýlygyň güýç we hormatdygyny, garyplygyň bolsa hakyky söýgi berýändigini ýatladýan wakalar bolup geçýär. Her kim özüçe bir zady saýlaýar. Begenç Işangulyýew baş gahryman Santoşyň keşbini ussatlarça ýerine ýetirdi we ol sahnada Şiri saýlady hem-de Londondan gelen talypdygyna garamazdan, hakyky hindi daýhanyna öwrüldi diýip, neşirde bellenilýär.

 

«Hindi filmlerine tomaşa edip ulaldym diýip bilerin, şonuň üçin bu spektaklyň sahnalaşdyrylmagyny öňden bäri niýet edinip ýördüm. Ahyrsoňy, arzuwym hasyl boldy. Sahna oýnuna gaty köp adam – toparyň ähli aktýorlary diýen ýaly gatnaşýar. Hemmelere, ilkinji nobatda bolsa, ähli aktýorlary tansçylara öwürmegi başaran Adelina Nazarowa, Merdan Nurmuhammedowa we Begenç Işangulyýewe sag bolsun aýdýaryn" diýip, režissýor Baýram Garajaýew belleýär.

 


şu gün 00:03
2.4k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.5k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

26.06.2026 20:34
1.4k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......

23.06.2026 19:04
8.8k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....