100 ýaşly ýigit we 102 ýaşly gelin: ABŞ-da dünýäniň iň garry jübüti durmuş gurdy

  • 28.05.2024 13:08
  • 28k+

Filadelfiýanyň (ABŞ) 100 ýaşly ýaşaýjysy Berni Littman 102 ýaşly Marjori Fiterman bilen durmuş gurdy. Är-aýal Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biler – olaryň  umumy ýaşy öňki rekorddan azyndan 7 ýyl ýokary diýip, Fox News habar berýär.

Jübütler, takmynan, 10 ýyl ozal garrylar öýünde tanyşdylar we şondan bäri aýrylyşman gelýärler. Ikisiniňem ýoldaşlary ýogalypdyr.
Bu Berniniň ikinji nikasy. Ol merhum aýaly Bernis bilen 65 ýyl ýaşapdyr, olaryň iki çagasy, dört agtygy we dokuz çowlugy bar.
Littmanyň agtygy Sara Şiherman onuň gaýtadan öýlenmegi maşgalamyz üçin  garaşylmadyk ýagdaý boldy diýip boýun alýar. Ol: “Biziň hemmämiz onuň wagtyny we aladalaryny paýlaşyp biljek birini tapanyna begendik. Olar birek-biregi tapyp, birek-birege goldaw boldular, esasanam pandemiýa döwründe "-diýýär.

Täze çatynjalaryň garyndaşlary olaryň dünýädäki iň garry är-aýal bolandyklaryna ynanýarlar we Ginnesiň rekordlar kitabyna arza berdiler.
Häzirki rekord angliýaly Dorin we Jorj Kirbilere degişli, 2015-nji ýylyň 13-nji iýunynda toý edenlerinde olaryň umumy ýaşy 194 ýaş we 279 gündi. Fiterman bilen Littmanyň umumy ýaşy 202 ýaşdan geçýär.


şu gün 00:07
770

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

düýn 23:56
1.2k+

Ak tam daşary ýurtlulara gaçybatalga bermegiň doly bes edilýändigini mälim etdi

ABŞ-nyň administrasiýasy daşary ýurt raýatlaryna gaçybatalga bermegini bütinleý bes edýändigini yglan etdi. Bu barada geçirilen brifingde Ak tamyň işgärler apparatynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Stiwen Miller......

25.06.2026 14:47
5.1k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

24.06.2026 09:29
4.1k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......