Kann kinofestiwalyndaky auksionda meşhur serialda peýda bolmak üçin keşp satyldy

  • 26.05.2024 23:18
  • 5.3k+

Kann kinofestiwalynda amfAR Gala haýyr-sahawat auksiony geçirilip, onda “Emili Parižde” serialy üçin bir epizodik keşp satyldy. Söwdanyň ýeňijisi Netflix-de çykýan şouwyň bäşinji möwsüminde peýda bolmak mümkinçiligi üçin 250 müň ýewro töledi diýip, Variety habar berýär.

Gyzykly ýeri, Netflix heniz “Emili Parižde” serialynyň bäşinji möwsüme uzaldylýandygyny resmi taýdan yglan etmedi. Gala-agşamyň alypbaryjylary bäşinji möwsümiň surata düşürilişiniň 2025-nji ýylyň ortalarynda bolup biljekdigini aýtdylar.
Serialyň täze epizodlarynyň premýerasynyň haçan boljakdygy belli däl. Ýöne onda auksionda melodrama üçin keşp satyn alan adam peýda bolar. Şeýle-de, ol bäşinji möwsümiň çykmagy mynasybetli Los-Anjelesde geçiriljek çärä gatnaşar.
Umuman, heniz muňa şübheler bar. Neşiriň çeşmeleriniň biri Netflix-iň heniz serialyň dowamy bilen bagly belli bir karara gelmändigini aýdýar. Şoudaky keşp auksiona serialyň prodýuseri “Darren Staryň kömegi bilen” çykaryldy.
“Emili Parižde” serialynyň dördünji möwsümi Netflix-de 15-nji awgustda çykar – şol gün platformada epizodlaryň birinji bölümi peýda bolar, ikinjisi bir aýdan soň, 15-nji sentýabrda çykar.


şu gün 08:26
3k+

Futboldan aktýorlyga: Dewid Bekhemiň ogly ilkinji gezek kinoda oýnar

Dewid bilen Wiktoriýa Bekhemiň ogly Romeo Bekhem «Hasap 40:0» (asyl ady — Forty Love) atly romantik filmde rol aldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär. Bu onuň kinoda ilkinji gezek çykyş etmegi bolar....

23.06.2026 22:06
953

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

19.06.2026 20:14
4.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....