Iň gowy baha-hil gatnaşygy boýunça Ýewropa şäherleriniň reýtingi düzüldi

  • 26.05.2024 22:59
  • 9.6k+

Britaniýanyň Post Office kompaniýasyndan ýyllyk “Şäher çykdajylarynyň barometrine” (City Costs Barometer) görä, Wilnýus şäheri syýahatçylar üçin elýeterliligi boýunça ýene-de öňdebaryjy boldy. Latwiýanyň paýtagtyna syýahat üçin ortaça býujet 236,51 funt sterlinge (takmynan, 276 ýewro) barabar, bu ikinji orny eýelän Lissabondan 10%-den gowrak pesdir diýip, Newsyou.com ýazýar.

Şeýle-de bolsa, Lissabon Günbatar Ýewropanyň iň amatly şäheri bolmagynda galýar. Portugaliýanyň paýtagtynda ýaşaýyş üçin bahalaryň ýokarlanandygyna garamazdan, azyk önümleri, içgiler we beýleki syýahatçylyk harytlary henizem amatlydyr.
Fransiýanyň Lill şäheri ýaşaýyş bahasynyň 30% arzanlamagy netijesinde reýtingde ýedi orun ýokary galyp, üçünji orny eýeledi.
Amsterdam, tersine, sanawda iň gymmat şäher boldy. Niderlandlaryň paýtagty bahalaryň 8,3% arzanlandygyna garamazdan, köp syýahatçylar üçin elýeterli däldir.
Reýting düzülende azyk harytlary, içgiler, ýaşaýyş, transport, muzeý petekleri üçin bahalar we beýleki syýahat çykdajylary göz öňünde tutuldy.

Ýewropanyň iň arzan şäherleriniň ilkinji onlugy:

  1. Wilnýus, Litwa (ortaça syýahat býujeti 236,51 funt sterling ýa-da takmynan, 276 ýewro).
  2. Lissabon, Portugaliýa (263,75 funt sterling ýa-da takmynan, 308 ýewro)
  3. Lill, Fransiýa (278,28 funt sterling ýa-da takmynan, 325 ýewro)
  4. Krakow, Polşa (278,87 funt sterling ýa-da takmynan, 326 ýewro)
  5. Afiny, Gresiýa (289,40 funt sterling ýa-da takmynan, 338 ýewro)
  6. Riga, Latwiýa (297,20 funt sterling ýa-da takmynan, 347 ýewro)
  7. Budapeşt, Wengriýa (310,87 funt sterling ýa-da takmynan, 363 ýewro)
  8. Bratislawa, Slowakiýa (315,57 funt sterling ýa-da takmynan, 369 ýewro)
  9. Praga, Çehiýa (318,43 funt sterling ýa-da takmynan, 372 ýewro)
  10. Warşawa, Polşa (319,42 funt sterling ýa-da takmynan, 373 ýewro).

Ýewropanyň iň gymmat şäherleriniň ilkinji onlugy:

  1. Amsterdam, Niderlandlar (669,40 funt sterling ýa-da takmynan, 783 ýewro)
  2. Belfast, Demirgazyk Irlandiýa (628,65 funt sterling ýa-da takmynan, 735 ýewro)
  3. Edinburg, Şotlandiýa (602,35 funt sterling ýa-da takmynan, 704 ýewro)
  4. Helsinki, Finlýandiýa (586,88 funt sterling ýa-da takmynan, 686 ýewro)
  5. Wenesiýa, Italiýa (582,31 funt sterling ýa-da takmynan, 680 ýewro)
  6. Dublin, Irlandiýa (578,77 funt sterling ýa-da takmynan, 677 ýewro)
  7. Kopengagen, Daniýa (576,04 funt sterling ýa-da takmynan, 673 ýewro)
  8. Oslo, Norwegiýa (564,59 funt sterling ýa-da takmynan, 660 ýewro)
  9. Ženewa, Şweýsariýa (557,00 funt sterling ýa-da takmynan, 651 ýewro)
  10. Wena, Awstriýa (550,48 funt sterling ýa-da takmynan, 644 ýewro)

10.06.2026 16:40
3k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

10.06.2026 12:20
10k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
7k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7.1k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......