Türkmenistanda Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslary işlenip düzüler

  • 26.05.2024 11:09
  • 8.9k+

Türkmenistanda Kosmos işi babatda döwlet syýasatynyň konseptual esaslarynyň taslamasyny işläp taýýarlamak meýilleşdirilýär. Bu barada Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Hökümet mejlisinde habar berdi.

Bu resminamanyň esasy wezipeleri ýurdumyzda kosmos pudagy babatynda alnyp barylýan işleri döwrüň talabyna laýyklykda dowam etmekden we täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, “TürkmenÄlem520E” Milli aragatnaşyk hemrasynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmekden, ýerüsti kosmos infrastrukturasynyň obýektlerini döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanly ulgamy ösdürmek üçin hemra aragatnaşygynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň ulag we kommunikasiýa pudagynyň hukuk binýadyny döwrüň talabyna laýyk ösdürmegi dowam etmelidigini aýdyp, döwlet Baştutany agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


düýn 16:02
851

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......