Türkmenistanda orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy

  • 26.05.2024 09:12
  • 14k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Degişli resminama döwlet Baştutany 25-nji maýda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýer N.Amannepesow Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň işlenilip taýýarlanylan taslamasy barada hasabat berdi.
Bu resminamada çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde berilýän bilimiň üznüksizligini hem-de arabaglanyşygyny üpjün etmäge, bilimli, ylymly, watansöýüji şahsyýetleri kemala getirmäge, okatmagyň hilini, bilimiň mazmunyny halkara ülňülere laýyk getirmäge, pedagogik işgärleri taýýarlamagyň gerimini giňeldip, mugallymlaryň hünär bilimlerini çuňlaşdyrmaga, täze tehnologiýalar esasynda okuwyň mazmunyny, görnüşlerini kämilleşdirmäge, bilimiň hilini bahalandyrýan halkara maksatnamalarynyň görkezijilerini milli bilim ulgamyna ornaşdyrmaga gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar.
Wise-premýer Konsepsiýada bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmeginiň okatmagyň usulyýeti boýunça täze okuw-usulyýet toplumlarynyň, milli programma üpjünçilikleriniň taýýarlanylmagyna, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine işjeň goşulyşmagyna, okatmagyň usulyýetiniň milli tejribä we halkara bilim standartlaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam berjekdigini aýtdy.


düýn 18:12
4.6k+

Türkmenistanda 31 alyma ylymlaryň doktory we kandidaty derejeleri berildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda ylymlaryň doktory we ylymlaryň kandidaty alymlyk derejesini alan alymlara diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 16:37
4.3k+

Döwlet Baştutany TYA-nyň ykdysady we syýasy ylymlary boýunça akademikligine saýlanyldy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Umumy ýygnagynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ykdysady we syýasy ylymlar boýunça......

düýn 16:35
5.5k+

Türkmenistanyň Prezidentine ykdysady we syýasy hünärler boýunça professor alymlyk ady dakyldy

Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetiniň prezidiumynyň çözgüdine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, syýasy ylymlaryň doktory Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ykdysady we syýasy hünärler boýunça......

düýn 07:55
2.4k+

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......