Rumyniýada bilim almak isleýän türkmen ýaşlary üçin seçip alyş işi geçirilýär

  • 25.05.2024 10:01
  • 9.7k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2024-2025-nji okuw ýyly üçin Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär. Bu barada Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň resmi saýtynda habar berilýär.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta, orta hünär we ýokary hünär bilimli Türkmenistanyň raýatlarynyň resminamalary 2024-nji ýylyň 29-njy maýyndan 7-nji iýuny aralygynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kabul edilýär.
Hünärleriň sanawy, Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamasy boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary resminamalary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusgadaky arza we sowalnama;
  • — soňky okuw ýa-da iş ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;
  • — 3x4 sm ölçegde on iki sany fotosurat;
  • — Rumyniýanyň ýokary okuw mekdepleri üçin soralýan bellenen nusga boýunça sowalnama;
  • — dogluş hakynda şahadatnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — hemişelik ýaşaýan ýerini tassyklaýan kepilnama (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportynyň ilkinji iki sahypasynyň nusgasy (pasportyň möhleti isleg bildirilýän okuw maksatnamasy başlanandan soň azyndan 6 aý hereket etmelidir);
  • — şahsy pasportynyň nusgasy;
  • — raýatyň adynyň üýtgedilendigini tassyklaýan resminama (bar bolsa) (göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — bakalawr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler SAT (Scholastic Aptitude Test), TOEFL (Test of English as a Foreign Language) we IELTS (International English Language Testing System) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Upper Intermediate we ondan ýokary okuw şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
  • — magistr maksatnamasyna resminamalaryny tabşyrýan dalaşgärler GMAT (Graduate Management Admission Test), GRE (Graduate Record Exam) akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamanyň ýa-da okuw merkezleri tarapyndan berlen iňlis dili boýunça Upper Intermediate we ondan ýokary okuw şahadatnamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Akademiki bahalandyryş synaglarynyň birinden üstünlikli geçendigini tassyklaýan şahadatnamasy bolan dalaşgärler artykmaçlykdan peýdalanýarlar;
  • — ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijisidigini, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşandygyny tassyklaýan degişli resminamanyň hem-de ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen okuw şahadatnamalarynyň asyl nusgasy (bar bolan ýagdaýynda) we resminamalaryň göçürmesi we tassyklanan terjimesi;
  • — umumy orta bilim, orta hünär ýa-da ýokary hünär bilimi baradaky resminamanyň asyl nusgasy (göçürmesi we tassyklanan terjimesi). Eger dalaşgär orta mekdebiň gutardyş synpynda okaýan bolsa, şahsy jiltiniň (okuwa ýetişiginiň bahalary bilen bilelikde) tassyklanan göçürmesi.

Bilim hakyndaky resminama daşary ýurt döwletinde berlen bolsa, onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy hem goşulýar;

  • — diplomyň goşundysynyň asyl nusgasy (hasap-synag sanawnamasyndan göçürme, transkript hem-de onuň göçürmesi we tassyklanan terjimesi);
  • — dalaşgäriň degişli bilim derejesi boýunça Rumyniýanyň Hökümetinden öň talyp hakyny almandygy baradaky beýany (dil haty);
  • — rumyn dili boýunça dil taýýarlygy okuwyny tamamlandygyny ýa-da rumyn dilini öwrenendigini tassyklaýan şahadatnama (bar bolsa);
  • — terjimehal (CV) iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilinde;
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşardaky ýokary okuw mekdeplerine okuwa girmäge dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler:

  • — Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;
  • — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny (şahadatnamanyň nusgasy we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwä haty tabşyrylýar).

Resminamalaryň terjimeleri iňlis, fransuz ýa-da rumyn dilleriniň birinde berilmelidir.
Resminamalary kabul ediş topary zerur bolan halatynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Kabul edilen resminamalaryň netijeleri boýunça ýokary görkezijilere eýe bolan dalaşgärler bilen 2024-nji ýylyň 17-18-nji iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde seçip alyş işi boýunça söhbetdeşlik geçirilýär.
Söhbetdeşlik bakalawr maksatnamasy boýunça umumybilim berýän derslerden, magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasyndan geçirilýär.
Resminamalaryň we sowalnamalaryň nusgalaryny uniwersitetiň www.tdu.edu.tm internet salgysyndan hem almak bolar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Tel.: (+993 12) 94-69-90, 94-54-29;
e-mail: tdu@online.tm

 


düýn 02:12
2.2k+

Türkmen talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 olimpiadalarynda 46 medal gazandy

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary BIMO-2026 we BIChO-2026 halkara olimpiadalarynda 17 altyn, 17 kümüş we 12 bürünç baýraga mynasyp boldy diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti habar berýär...

düýn 00:48
2.2k+

Türkmen talyplary Buharada geçirilen matematika we himiýa boýunça olimpiadalarda bäş medal gazandy

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary 2026-njy ýylyň 24-29-njy ýanwary aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde geçirilen matematika we himiýa boýunça halkara olimpiadalarynda bäş sany baýraga mynasyp boldy...

31.01.2026 20:10
4.3k+

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen ähtnama gol çekdi

2026-njy ýylyň 29-31-nji ýanwary aralygynda Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň wekiliýetiniň Katar Döwletine amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kataryň Atçylyk federasiýasy bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi...

31.01.2026 18:16
2.3k+

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Kembrije okuw saparyny amala aşyrdy

25-31-nji ýanwar aralygynda Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri Angliýanyň Kembrij şäherine okuw saparyny amala aşyryp, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy işgärleri üçin niýetlenen hünär kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşdy...