Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

  • 24.05.2024 18:59
  • 10460
Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

Şu gün, 24-nji maýda Aşgabatda “Garagum” myhmanhanasynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Mejlise Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Şahin Mustafaýew, Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenko, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow, Gyrgyzystan Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň başlygy – Prezident Administrasiýasynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümet Baştutany Mihail Mişustin, Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzoda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Jamşit Kuçkarow, Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň kanuny we beýleki edaralarynda hemişelik doly ygtyýarly wekili, Ermenistan Respublikasynyň Belarus Respublikasyndaky adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Razmik Humarýan, GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Hökümet Baştutanlary Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda ykdysady gatnaşyklaryň häzirki meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň indiki mejlisini 2024-nji ýylyň 7-8-nji noýabrynda Russiýa Federasiýasynda geçirmek kararyna gelindi.


şu gün 11:53
2215

Türkmenistanyň we Polşanyň DIM-leri hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekdiler

Warşawada Türkmenistan bilen Polşanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, polýak tarapyna Polşanyň...

18.06.2024 16:46
9602

Tokioda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi

2024-nji ýylyň 12-14-njy iýuny aralygynda Ýaponiýada Türkmenistanyň mediniýet günleri geçirildi. 12-nji iýunda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Medeniýet günleriniň we «Pähim-paýhas ummany...

18.06.2024 16:33
18943

Russiýa we Türkmenistan wizalaryň sany boýunça kowidden öňki döwürdäki derejesini dikeltdi

Häzirki wagtda 40 müňden gowrak türkmen talyby Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar. Bu barada Russiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Iwan Wolynkin ORIENT-e beren interwýusynda aýtdy. Diplomat şeýle hem...

18.06.2024 15:43
2894

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň geleşikleriniň jemi bahasyny habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri...