Samsung-dan soň Xiaomi hem täze smartfonynyň reklamasynda Apple degsinýär

  • 24.05.2024 15:11
  • 9.6k+

Apple-iň iPad Pro reklamasy sosial medianyň üns merkezine öwrüldi. Kupertinoly kompaniýanyň dürli döredijilik gurallaryny press bilen döwýän wideosy diňe bir sungat adamlarynyň tankytlaryny çekmän, eýsem bäsdeş kompaniýalaryň degsinmegine sebäp boldy. Ozal Günorta Koreýanyň Samsung kompaniýasy, indi bolsa Hytaý Xiaomi-si öz wideo wersiýasyny çykardy diýip, IXBT ýazýar.

Xiaomi-niň täze reklamasynda press ilki şol bir predmetlere gönükdirilýär, ýöne olary ýok etmegiň ýerine saklanýar we ekranda “Ci” we “Vi” harplarynyň yşyklanmagy bilen “Cinematic Vision” ýazgysy peýda bolýar.
Şeýlelikde, Xiaomi diňe bir Apple reklamasyndan öňe geçmek bilen çäklenmän, ýakyn wagtda Xiaomi 14 Civi smartfonynyň çykjakdygyny mälim etdi.
Täze önümiň, Hytaýyň daşynda çykaryljak Civi lineýkasynyň ilkinji modeli bolmagyna, garaşylýar. Smartfon 1.5K durulykdaky 6.55 dýuýmlyk AMOLED displeýi we 120 Gs täzeleniş tizligi, Snapdragon 8s Gen 3, 50 megapikselli esasy kamera we 67 Wt zarýady goldaýan 4700 mA/s akkumulýator kuwwatlylygy bilen üpjün ediler.


19.06.2026 14:20
2.9k+

Tim Kuk Apple önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy

Apple kompaniýasynyň baş direktory Tim Kuk ýat we saklaýjy çipleriň bahasynyň ýokarlanmagy sebäpli kompaniýanyň önümleriniň gymmatlajakdygyny duýdurdy....

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.5k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....