Apple sazandalary we suratkeşleri kemsiden iPad Pro-nyň reklamasy üçin ötünç sorady

  • 10.05.2024 21:30
  • 9.1k+

Apple kompaniýasy sosial medialarda güýçli nägileliklere sebäp bolan täze iPad Pro planşetiniň reklama wideosy üçin ötünç sorady diýip, Deadline habar berýär.

Wideoda saz gurallary, fotoapparatlar we sungat esbaplary ýaly zatlary öz içine alýan predmetler gidrawliki pres tarapyndan ýok edilýär. Kompaniýanyň marketologlary ne pianino, ne gitara, ne kitaplara, ne köne oýunjak awtomadyna, ne-de winil plastinkalaryny oýnadýan enjama rehim edipdirler. Bu prosesiň ahyrynda presiň aşagyndaky platformada täze iPad Pro peýda bolýar. Wideo berlen sese görä, planşet mundan öň çykarylanlaryň “iň kuwwatlysy we iň inçesidir”.


Sungat hem döredijilik äleminiň wekilleriniň aglabasy bu reklamany göwne degiji (kemsidiji) diýip hasapladylar, çünki ol ýerde iPad Pro adaty sungatyň “ganhory” hökmünde görkezilýär. Hususan-da, meşhur britan aktýory Hýu Grant wideoda bolup geçýän zatlary “ynsan tejribesiniň ýok edilmegi” diýip atlandyrdy.
Apple hiç kimi kemsitmek niýetiniň ýokdugyny we reklamanyň maksadynyň bary-ýogy täze planşetiň mümkinçiliklerini görkezmekden ybaratdygyny düşündirdi. Kompaniýa wideonyň telewideniýede görkezilmeginiň ýatyrylandygyny habar berdi.
The Verge-iň belläp geçmegine görä, kompaniýa bu wideonyň üsti bilen öňki ýarasyna duz sepdi. 2018-nji ýylda Apple ulanyjylaryň oňaýsyz garaýyşlaryna sebäp bolan wideony çykardy. Ol wideoda planşetleriň we akylly telefonlaryň dünýäsinde ösen çaga: “Kompýuter näme?” diýen soragy berýär.


şu gün 13:46
992

Ýetip gelýän Apple WWDC 2025 konferensiýasynda uly tanyşdyryşlar bolmaz

Apple kompaniýasynyň «WWDC 2025» işläp düzüjiler konferensiýasy 9-13-nji iýun aralygynda ýönekeý formatda, uly anonslar bolmazdan geçiriler. Bu barada «Bloomberg» agentliginiň žurnalisti Mark Gurman ýazýar. Onuň maglumatlaryna görä, kompaniýa «Apple Intelligence» we emeli aň tehnologiýalaryna aýratyn üns bermez...

düýn 14:14
6k+

«28 ýyl soň» filmi bir wagtda 20 sany iPhone-da surata düşürildi

Britaniýaly režissýor Denni Boýl «28 ýyl soň» («28 Years Later») horror filmini surata düşürmek üçin düýpgöter täze usuldan peýdalanypdyr. Filmiň käbir esasy sahnalary dürli ýerlere ýerleşdirilen şol bir wagtda 20-ä çenli iPhone smartfonynyň kömegi bilen surata düşürilipdir...

01.06.2025 18:52
1.4k+

Programma işläp düzüjiler 2024-nji ýylda App Store arkaly 406 mlrd dollar gazandy

Apple kompaniýasy App Store programmalar dükanyndaky girdejiler boýunça garaşsyz barlagyň netijelerini hödürledi. Maglumatlara görä, 2024-nji ýylda programmalaryň işläp düzüjileri «App Store» ekoulgamy arkaly 406 mlrd dollar gazanypdyr...

31.05.2025 17:36
8.8k+

Apple iPhone-laryň dizaýnyny indi her ýyl täzelär: iPhone 17, 18 we 19 nähili bolar?

Apple indi iPhone-laryň daşky görnüşini ownuk üýtgeşmeler bilen däl-de, her ýyl has uly özgertmeler bilen täzeläp başlar. Bu barada komponent üpjünçilik zynjyryndaky çeşmelere salgylanyp, Digital Chat Station insaýderi habar berdi...